Arhiw

Türkmenistan Russiýa bilen 15 sany hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekişdi

22:3007.12.2022
0
24900

Türkmen wekiliýetiniň Moskwa iki günlük saparynyň dowamynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda 15 sany resminama gol çekildi diýip, Türkmen Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Gol çekilen resminamalaryň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk Maksatnamasy, şeýle hem ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer ugurlardaky şertnamalar bar diýlip, habarda aýdylýar.

Saparyň dowamynda iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň arasynda birnäçe duşuşyk, şeýle hem şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň rus tarapynyň başlygy Alekseý Owerçugyň baştutanlygynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň 12-nji mejlisi geçirildi.

«Geçirilen gepleşikler dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmek we geljegi uly bolan täze ugurlara çykmak baradaky özara gyzyklanmany tassyklady. Şolaryň arasynda ýangyç-energetika toplumy, ulag, senagat, oba hojalygy, gurluşyk, saglygy goraýyş we beýleki birnäçe ugurlar ileri tutulýan ugurlar hökmünde bellendi. Medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berildi — diýlip, habarda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň