Turkmenportal logo
01.10.2026
3299032990
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mesi»: nädip milli at polipropilen torbalary öndürýän döwrebap kärhana öwrüldi

Müşderiler «Mesi» adyny ilkinji gezek eşidenlerinde, olaryň ýüzünde köplenç ýakymly ýylgyryş peýda bolýar. Käbirleri aňynda beýik argentinaly futbolçy Lionel Messi bilen baglanyşyk gurup, degişip: «Bu ýerde ýene bir “s” harpy ýetenok öýdýän» diýip belläp geçýärler.

Ýöne bu ýaňlanýan adyň aňyrsynda düýbünden başga, çuňňur we gyzykly taryh ýatyr. Onuň kökleri öňki döwlet aýakgap önümçilik birleşiginiň täze döwre tarap ädim ädip, hususylaşdyrylan döwrüne, ýagny gaýtadan gurulyş ýyllaryna baryp direýär. Togsanynjy ýyllar milli özboluşlylygyň gözlenilýän, kärhanalaryň hakyky türkmen, milli atlary almaga çalyşan döwrüdi. Şeýlelikde, «Mesi» ady döredi. Uly nesil üçin bu söz has tanyş ýaňlanýar: milli mesiler — bu mähirliligiň we uly ýaşly adamlara bolan hormatyň nyşany bolan ýumşak deriden tikilen aýakgapdyr. Ýyllar geçdi we bir wagtky ýerli adaty at ykrar edilen we hormatlanylýan haryt nyşanyna öwrüldi.

Häzirki wagtda «Mesi» hojalyk jemgyýeti diňe bir taryhy bolan brend bolmak bilän çäklenmän, eýsem, ygtybarly gaplama baradaky düşünjäni düýbünden üýtgedýän kuwwatly, ýokary tehnologiýaly kärhanadyr. Bu ýerde dokalan polipropilen torbalary öndürmek boýunça ýapyk önümçilik tapgyry döredildi, ol üç sany esasy zanjyry bir bitewi üznüksiz ulgama birleşdirdi: ekstruziýa, dokma we tikinçilik sehleri.

Birinji tapgyr: berkligiň döremegi

Ähli zat zawodyň ýüreginde — ekstruziýa sehinde başlanýar. Ilkinji çig mal hökmünde polipropileniň plastik granulalary hyzmat edýär, olara berklik üçin kalsiý karbonaty, termostabilizatorlar we ýokary hilli boýaglar goşulýar.

Işe girizilmezden ozal çig mal senagat peçlerinde hökmany guratma tapgyryndan geçirilýär. Bu örän wajypdyr: ekstruderde gyzdyrylanda çyglylygyň azajyk damjasy hem weýran ediji buga öwrüler. «Lohia» kysymly bir şnekli maşynda granulalar bitewi şepbeşik massa öwrülýär. Basyş astynda ergin deşikli golowka arkaly gysylyp çykarylýar we plýonka emele getirilýär, ol suw bilen sowadylýar we müňlerçe berk lentalar görnüşinde kesilýär. Torbanyň gelejekki berkligini termofiksasiýa we dartylma üpjün edýär: polimeriň molekulýar gözenegi sapagyň ugruna hatara düzülip, oňa uly üzülmä garşy ägirt çydamlylyk berýär.

Ikinji tapgyr: ýeňil sapakdan berk mata çenli

Taýýar ýüplükler dokma sehine iberilýär. Bu ýerde «Lohia Nova» kysymly tegelek dokma stanoklarynda üznüksiz dokalan ýeň görnüşindäki mata döreýär. Dokma stanoklarynyň hersi aýratyn sazlanýar: dokalyşyň dykyzlygy, gelejekki önümiň giňligi we ýörite taýmaýan sapaklaryň aýratynlyklary bellenilýär, olaryň kömegi bilen taýýarlanylan torbalar daşalýan wagty sypmaýarlar. Awtomlaşdyrylan datçikler matanyň her bir santimetrine gözegçilik edip, ujypsyz kemçiligi hem aradan aýyrýarlar. Zerur bolan ýagdaýynda material laminasiýa liniýasyndan geçirilip, oňa çyglylyga garşy goşmaça gorag berilýär.

Üçünji tapgyr: rulondan taýýar standarta çenli

Önümçilik tikinçilik sehinde tamamlanýar. Eger sargytça aýratyn stil gerek bolsa, matanyň rulonlary fleksografiki enjamdan geçirilp, ýüz tarapyna ýiti reňkli logotip ýa-da markirowka (4–6 reňke çenli) ýazylýar.

Soňra işe termopyçaklar girizilýär: olar ýeň görnüşindäki matany diňe bir taýýar torba görnüşinde kesmän, eýsem, gyralarynyň dökülmezligi üçin olary timarlap eredýärler. Örän berk polipropilen sapak detallary zynjyrly tikin bilen birleşdirýär, ýükleriň aýratyn saklanmagy üçin bolsa içine polietilen goşundylar hem tikilip bilner. Önümçilik tapgyry awtomatiki preslemek bilen tamamlanýar: gidrawlik presler ugratmaga taýýar bolan 500 ýa-da 1000 torbadan ybarat ýüki emele getirýärler.

Hiliň we ekologiýanyň filosofiýasy

Ähli önümçilik meýdançalary üçin Hindistanyň «Lohia» kompaniýasynyň enjamlarynyň saýлаnyp alynmagy kärhananyň strategik çözgüdi boldy. Döwrebap hereketlendirijiler elektroenergiýany tygşytlaýar, awtomatlaşdyrmanyň ýokary derejesi bolsa amallary ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Galyndysyz çemeleşme aýratyn üns bermäge mynasypdyr: ähli tehnologik galyndylar we kemçilikli plýonka zibil gabyna zyňylman, gaýtadan önümçilik tapgyryna gaýtarylyp, täze granulalara öwrülýär.

Şeýlelikde, ýönekeý we ýyly «Mesi» sözi onýyllyklardan geçip, öz işiňe bolan hormatyň XXI asyryň ýokary tehnologiýalary bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy esasynda kämil hiliň nyşanyna öwrüldi.