Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan benziniň bahasy arzan bolan 10 ýurduň hataryna girdi

20:5807.12.2022
0
27081

Türkmenistan benziniň bahasy iň arzan bolan dünýäniň on ýurdunyň birine öwrüldi. «GlobalPetrolPrices»-iň habaryna görä, 5-nji dekabra çenli oktan reýtingi 95 bolan benziniň elýeterliligi boýunça Türkmenistan 7-nji ýerde durýar. Ýurtda bir litr benziniň bahasy 0,433 dollardyr.

Häzirki ýagdaýda Türkmenistan GDA ýurtlarynda iň arzan benzinli ýurtdyr.

Bütin dünýäde benziniň ortaça litriniň bahasy 1,30 dollara deňdir. Dünýäde iň arzan benzin Wenesuelada bolup, litri 0,016 dollardyr. Şeýle hem ilkinji üçlüge Liwiýa we Eýran girýär — degişlilikde 0,031 dollar we 0,053 dollar.

Benziniň iň gymmat ýeri Gonkong bolup (Hytaýyň ýörite dolandyryş sebiti), bir litr benziniň bahasy 2,969 dollara deňdir.

2019-njy ýylda Türkmenistanda tebigy gazdan benzin öndürýän kuwwatly zawodyň açylandygyny ýatladýarys. Kompaniýanyň artykmaçlyklaryndan biri-de Euro-5 standartyna laýyk gelýän ECO-93 sintetiki benzini öndürmek ukybydyr.

Türkmenistan nebit önümlerini Döwlet haryt-çig mal bir biržasy arkaly Ýewropa we Merkezi Aziýa, Ýakyn Gündogar we Aziýa — Ýuwaş ummany sebitine satýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň