«Halk market» dükanlar torunda gök önümleriň we miweleriň bahalary arzanladyldy

17:0507.12.2022
0
27240

Aşgabatda ýerleşýän «Halk market» dükanlar torunyň islendik dükanyndan şu aýyň 31-ine çenli her günde gök önümler we miweler alyjylara 15% arzan bahadan ýetirilýär.

Mundan başga-da, bu arzanladyşlar «Halk market» dükanlarynyň ykjam goşundysyndan we resmi saýtyndan söwda edýän müşderiler üçinem elýeterlidir. Bellemeli ýeri, halkmarket.com.tm saýtyndan haryt sargyt etmek üçin hasaba alynmagyň zerurlygy ýokdur, munuň üçin diňe gerekli bolan harydy «sebede» ýerleşdirip, sargydy ýola goýmak ýeterlikdir.

Belläp geçsek, «Halk market» dükanlarynyň harytlarynyň hatarynda azyk önümleriniň, hojalykda ulanylýan himiýa serişdeleriniň, kosmetika önümleriniň we başga-da dürli harytlaryň köp sanly görnüşleri alyjylara hödürlenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň