Soňky habarlar

Arhiw

«Ahal» taryhynda ilkinji gezek Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýeňijisi boldy

21:2507.12.2022
0
33802

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 25-nji tapgyrynyň çäginde myhmançylykda «Şagadamdan» 4:2 hasabynda üstün çykan «Ahal» taryhynda ilkinji gezek Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýeňijisi boldy. Şeýlelikde Mergen Orazowyň tälim berýän topary çempionatyň tamamlanmagyna üç tapgyr galanda çempion bolmagy başardy.

Milli çempionatda ýeňiji bolan «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň topary 2023-nji ýylda AFK Çempionlar ligasynda Türkmenistana wekilçilik etmek hukugyny aldy.

«Ahal» futbol kluby 1989-njy ýylda esaslandyryldy.

25-nji tapgyrda myhmançylykda çykyş eden «Altyn Asyr» «Köpetdagdan» 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy. 52 utuk toplan «Altyn Asyr» utulandygyna garamazdan, wagtyndan öň çempionatyň kümüş medalyna mynasyp boldy. Häzirki wagtda «Merw» ýaryş tertibinde üçünji orny eýelemegini dowam edýär.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 26-njy tapgyrynyň duşuşyklary 14-nji dekabrda geçiriler:

  • «Energetik» — «Şagadam»,
  • «Ahal» — «Köpetdag»,
  • «Altyn Asyr» — «Merw»,
  • «Nebitçi» — «Aşgabat».
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň