Turkmenportal logo
13.12.21
88178817
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2021: «Altyn asyr» «Aşgabady» uly hasap bilen ýeňip, wagtyndan ozal Türkmenistanyň çempiony boldy
TÝL ― 2021: «Altyn asyr» «Aşgabady» uly hasap bilen ýeňip, wagtyndan ozal Türkmenistanyň çempiony boldy

Paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary futbol çempionatymyzyň tamamlanmagyna 2 tapgyr galanda sekizinji gezek çempionlygyny gazandy.


Ýazguly Hojageldiýewiň tälim berýän topary bu abraýa 12-nji tapgyryň çäginde “Aşgabatdan” 4:0 hasabynda üstün çykanyndan soň eýe boldy. “Altyn Asyr” 30 utuk toplady. Sanawda ikinji ýerde barýan “Ahalyň” bolsa “Köpetdag” bilen deňlikden soň, 23 utugy bar.


“Altyn Asyr” – “Aşgabat” – 4:0


Gollar: 2 Selim Ataýew, 13 Rahman Myratberdiýew, 50 Merdan Muhadow, 60 Begençmyrat Myradow (“Altyn Asyr”)


Bellik: Duşuşygyň 68-nji minudynda Berdimyrat Rejepow (“Altyn Asyr”) penaltini nädürs ýerine ýetirdi.


Duýduryşlar: 52 Daýanç Nuryýew, 67 Döwran Berdiýew (“Aşgabat”)


Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Aşgabat ş.; Büzmeýin etr.)