Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsulynyň Stawropol şäherine amala aşyran iş saparyň dowamynda Demirgazyk-Kawkaz federal uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen ylym we bilim ugurlary boýunça özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça duşuşyk geçirildi. Türkmen diplomaty 13-nji martda geçirilen duşuşygyň dowamynda bu ýerde bilim alýan türkmenistanly talyplaryň okuw şertleri bilen gyzyklandy, şeýle-de olara ýaşamaga we okamaga döredilen şertleri gowulandyrmak hem-de talyplara goldaw bermek ýaly meselelere garaldy. Bu barada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygy (Astrahan ş.) «Turkmenportala» habar berdi.
Şol günüň dowamynda konsul Demirgazyk-Kawkaz federal uniwersitetinde bilim alýan türkmenistanly talyplar bilen hem duşuşdy. Konsul talyplaryň we uniwersitetiň arasynda döreýän sowally meseleleriň çözgüdini bilelikde gözlemekligiň wajypdygyny nygtady hem-de Russiýa Federasiýasynyň çäginde düzgün bozulmalaryna ýol berlen halatynda onuň getirip biljek netijeleri barada gürrüň berdi.