Türkmenistandan Azerbaýjana oktýabrda 1,4 müň syýahatçy bardy, «Türkhowaýollary» Türkmenbaşydan gatnawlaryň sanyny artdyrar, Türkmenistanyň Prezidenti harytlaryň bahalarynyň ýokarlanmagyna ýol bermezligi nygtady

09:5305.11.2022
0
16377

1. 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Azerbaýjana 160 müň 467 syýahatçy bardy. Bu 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 76% köpdür. Berilýän maglumatlara laýyklykda, Azerbaýjana Türkmenistandan 1,4 müň syýahatçy barypdyr.

2. Türkiýäniň «Türk howa ýollary» awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň dekabr aýyndan başlap Türkmenistana adaty uçar gatnawlarynyň sanyny artdyrýar. Awiakompaniýa dekabr aýyndan başlap, hepdede 3 gezek — duşenbe, çarşenbe we anna günlerinde Türkmenistana howa gatnawlaryny amala aşyrar.

3. Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow wise-premýer B.Atdaýewe ýüzlenip, halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiligini giňeltmek boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyny, şeýle-de gyş paslynyň golaýlaşmagy bilen baglylykda, aýratyn-da, baýramçylyk günlerinde bazarlaryň we dükanlaryň dürli harytlar bilen üpjünçiligini gözegçilikde saklamagyň, bahalaryň ýokarlanmagyna ýol bermezligiň möhümdigini nygtady.

4. Aşgabadyň teatrlarynyň aktýorlary Türkmenabatda gastrolda bolýarlar. Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sahnasynda noýabr aýynyň dowamynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň hem-de A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň sahna eserleri görkeziler.

5. Şweýsariýanyň demir ýol kompaniýasy uzynlygy 1905 metr bolan ýolagçy otly düzümini döretmek bilen, bu ugurda Ginnesiň rekordyny täzeledi. Retiýa demir ýoly Şweýsariýada iň uly demir ýol bolup, kompaniýanyň otlusy 100 sany wagon bilen uzynlygy 6,253 fut (1,905,9 m) bolan demir ýoly geçdi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri iň uzak aralyga hereket eden dar ýolagçy otlusynda dünýä rekordynyň resmi taýdan täzelenendigini tassykladylar.

6. Parižde Fransiýanyň edebiýat boýunça iň bir abraýly — Gonkur baýragynyň jemi jemlendi. Onuň netijelerine görä, fransiýaly ýazyjy zenan Brižit Žiro Gonkur baýragyna mynasyp boldy. «Tiz ýaşamak» (Vivre vite) atly romanda ýazyjy zenanyň adamsynyň 1999-njy ýylda awtoulag heläkçiliginde gurban bolmagyna getiren wakalar yzarlanýar.

7. Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 18-nji tapgyrynyň duşuşygynda «Ahal» topary «Şagadam» toparyny 3:1 hasap bilen ýeňdi. Ýer eýelerinden iki goly Didar Durdyýew, birini bolsa Elman Tagaýew geçirdi. Türkmenbaşynyň toparynyň düzüminden hem ýeke-täk goly Elýas Akyýew öz adyna ýazdyrdy. Bu ýeňiş «Ahal» üçin eýýäm möwsümde on bäşinji ýeňişdir. «Türkmennebitönümleriniň» topary utuk sanyny 48-e ýetirip, sanawdaky birinji ornuny has-da berkitdi. Indi Mergen Orazowyň topary 2-nji orunda barýan «Altyn asyr» toparyndan 10 utuk öňde barýar.

8. Ýewropa ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndan orun alan oýunlar tamamlanyp, ýaryşyň pleý-off tapgyryna ýollanma eýe çykan ähli toparlar belli boldy. Oňa laýyklykda, «Arsenal», «Fenerbahçe», «Betis», «Sent-Jilluaz», «Real Sosýedad», «Feýenord», «Fraýburg» we «Ferenswaroş» klublary öz toparçalarynda birinji ýeri eýeläp,1/8 finala atlaryny ýazdyrdylar. Öz toparçalarynda ikinji orny alan «PSW», «Renn», «Roma», «Ýunion», «Mançester Ýunaýted», «Midtýulland», «Nant», «Monako» toparlary bolsa, ÝÇL-de toparçada üçünji ýeri eýelän «Aýaks», «Baýer», «Barselona», «Sporting», «Zalsburg», «Şahtýor», «Sewilýa» hem-de «Ýuwentus» klublary bilen 1/16 final tapgyrynda güýç synanyşarlar. Pleý-off tapgyryna bije çekmek dabarasy 7-nji noýabrda Şweýsariýanyň Nýon şäherinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň