Soňky habarlar

Arhiw

Fransiýaly ýazyjy zenan Brižit Žiro Gonkur baýragyny aldy

11:1804.11.2022
0
22601
Fransiýaly ýazyjy zenan Brižit Žiro Gonkur baýragyny aldy
Surat: theguardian.com

Fransiýaly ýazyjy zenan Brižit Žiro Gonkur baýragyna mynasyp boldy diýip, TASS habarlar gullugy Gonkur edebiýat baýragynyň akademiýasynyň çözgüdine salgylanyp habar berdi.

Ýazyjynyň «Tiz ýaşamak» (Vivre vite) atly romany 2022-nji ýylyň fransuz dilindäki iň gowy eseri diýlip yglan edildi. «Žiro Gonkuryň taryhynda bu baýraga mynasyp görlen üçünji zenan ýazyjy boldy» diýip, filologiýa ylymlarynyň doktory Pol Konstan aýtdy.

«Tiz ýaşamak» (Vivre vite) atly romanda ýazyjy zenanyň adamsynyň 1999-njy ýylda awtoulag heläkçiliginde gurban bolmagyna getiren wakalar yzarlanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň