Turkmenportal logo
04.11.22
2201022010
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabadyň teatrlary Türkmenabatda döredijilik saparynda bolýar
Aşgabadyň teatrlary Türkmenabatda döredijilik saparynda bolýar

Aşgabadyň teatrlarynyň aktýorlary Türkmenabatda gastrolda bolýarlar.


Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sahnasynda noýabr aýynyň dowamynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň hem-de A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň sahna eserleri görkeziler.


3 — 7-nji noýabr aralygynda Baş drama teatry «Hindi rowaýaty» spektaklyny görkezer.


14-nji noýabrdan 20-nji noýabr aralygynda A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry «Супер Заяц» we «Андро и Сандро» spektakllaryny lebaply tomaşaçylara hödürlär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.