Serdar Berdimuhamedow harytlaryň bahalarynyň ýokarlanmagyna ýol bermezligiň möhümdigini nygtady

23:4104.11.2022
0
36978

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurtda ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri seljerildi.

Mejlisde wise-premýer B.Atdaýew Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgininiň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 109,4 göterime, önüm öndürmegiň ösüş depgininiň 106,5 göterime barabar bolandygy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Dokma senagaty ministrligi boýunça nah ýüplügiň we matalaryň öndürilişiniň ösüş depgini, degişlilikde, 126,6 hem-de 130,3 göterime, tikin we trikotaž önümleriniň ösüş depgini 111,3 göterime, gön önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini bolsa 109,9 göterime deň boldy. «Türkmenhaly» döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 115,3 göterim ýerine ýetirildi.

Ýanwar — oktýabr aýlarynda Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 249 sany birža söwdasy geçirilip, 31 müň şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýerine ýetirilen işler boýunça 114,3 göterim ösüş depgini gazanyldy. Hasabat döwründe 16 sergi we 50 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça on aýda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 172,5 göterime, senagat önümleriniň ösüş depgini bolsa 109,9 göterime deň boldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiligini giňeltmek boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyny belledi. Gyş paslynyň golaýlaşmagy bilen baglylykda, aýratyn-da, baýramçylyk günlerinde bazarlaryň we dükanlaryň dürli harytlar bilen üpjünçiligini gözegçilikde saklamagyň, bahalaryň ýokarlanmagyna ýol bermezligiň möhümdigi nygtaldy.

Döwlet Baştutany ýurduň dokma kärhanalarynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň arassa pagtadan hem-de ýüpekden dokma önümleriniň görnüşlerini giňeltmäge hem-de möçberini durnukly artdyrmaga mümkinçilik berýändigini aýdyp, wise-premýere bu pudagyň kuwwatlyklaryny doly peýdalanmak, taýýar önümleriň täze görnüşlerini öndürmek ugrunda netijeli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň