Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly türgenler halkara ýaryşlarda on aýda 341 medal gazandylar

23:2704.11.2022
0
15073

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen, 2022-nji ýylyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan mejlisinde wise-premýer N.Amannepesowyň hasabatynda aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe sportuň ösdürilmegine we türgenleriň taýýarlanylmagyna gönükdirilen çäreler dowam etdirildi. Halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş eden türgenlere dabaraly ýagdaýda sylaglar gowşuryldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti döredildi. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirilip, onda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Döwletiň içeri we daşary syýasatynyň many-mazmunyny düşündirmek boýunça işler yzygiderli alnyp baryldy, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge gönükdirilen ylmy-amaly maslahatlar, beýleki çäreler guraldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň maddy-enjamlaýyn we ylmy-usulyýet binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça işleri güýçlendirmegi tabşyrdy.

Şeýle-de mejlisde ilatly ýerleriň mekdepler, çagalar baglary, hassahanalar hem-de beýleki saglygy goraýyş ulgamynyň düzümleri bilen üpjün edilmegine aýratyn üns berilmelidigi nygtaldy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň