Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

On aýyň jemine bagyşlanan Hökümet mejlisi geçirildi

22:0304.11.2022
0
21299
On aýyň jemine bagyşlanan Hökümet mejlisi geçirildi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Şeýle-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy we ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlary aralygynda alnyp barlan işler hem-de olaryň netijeleri, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabatlary berdiler.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ulag-kommunikasiýa toplumynda şu ýylyň geçen döwründe alnyp barlan işler, olaryň netijeleri, gazanylan ösüş depginleri, degişli düzümleriň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde şu ýylyň 10-11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmentel — 2022» atly halkara serginiň we maslahatyň geçiriljekdigi, şeýle-de «Sanly çözgüt — 2022» atly innowasiýalaryň bäsleşiginiň jemleriniň jemleniljekdigi barada hem aýdyldy.

Sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisde Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda milli kanunçylygy kämilleşdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barlan işler, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, amala aşyrylýan özgertmeleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak babatda durmuşa geçirilýän çäreler, Milli Geňeşiň wekilleri tarapyndan daşary ýurtlara guralan saparlar we olaryň netijeleri, wagyz-nesihat duşuşyklary barada maglumat berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny, şeýle-de ulag-kommunikasiýa toplumynyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, halkara gatnaşyklary ösdürmek, medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek, öňde boljak çärelere we baýramçylyk dabaralaryna ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen baglylykda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowa söwda ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer B.Atdaýew bilen bilelikde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçilik düzümlerini yzygiderli döretmegi we kämilleşdirmegi dowam etdirmek tabşyryldy. Ýurtda azyk bolçulygyny yzygiderli üpjün etmek babatda hem aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlisde şu ýylyň geçen döwründe alnyp barlan işleriň netijeleriniň ýurduň öňde goýlan maksatnamalara laýyklykda üstünlikli ösmegini dowam edýändigini aýdyň görkezýändigini, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň degişli döwürde 6,2 göterim derejede saklanylandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň