Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanan nobatdaky Hökümet mejlisi sanly ulgam arkaly geçirildi.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa 2022-nji ýylyň geçen on aýynda gözegçilik edýän ulgamynda alnyp barlan işler, olaryň netijeleri, şol sanda guralan baýramçylyk we desgalaryň açylyş dabaralary, dürli forumlardyr döredijilik duşuşyklary, milli medeniýeti we sungaty ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmek bilen baglylykda durmuşa geçirilen çäreler barada hasabat berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda öňde boljak baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli guralýan medeni çäreleriň giňden beýan edilmegine has döredijilikli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
— Olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek gerek. Şunda özüne çekiji, gyzykly gepleşikler we makalalar taýýarlanylmalydyr. Şeýle hem mynasyp ýokary derejeli işgärleri ýetişdirmek, zehinli hünärmenleri ýüze çykarmak ugrunda degişli işler amala aşyrylmalydyr — diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyla bagyşlanan dabaralara göwnejaý taýýarlyk görmegiň we olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň zerurdygyny aýdyp, ähli welaýat merkezlerinde, şäherlerde we obalarda baýramçylyk dabaralarydyr konsertleri, sungat ussatlarynyň çykyşlaryny guramagy, şeýle-de täze ýyla çenli galan wagtyň dowamynda geljek ýylyň iň gowy şygaryny we nyşanyny döretmek boýunça bäsleşigi geçirmegi tabşyrdy.
Şeýle-de okaň: