Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda on aýda 61 sany iri desga açylyp ulanmaga berildi

23:1604.11.2022
0
13104

Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aýdyldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň Garaşsyz Türkmenistanyň göz öňünde tutulan maksatnamalara laýyklykda üstünlikli ösmegini dowam etdirýändigini aýdyň görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Degişli döwürde jemi içerki önümiň 6,2 göterim ösüş derejesi saklanyldy. Ýurtda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, bellenen meýilnamalara laýyklykda, 61 sany iri desga açylyp ulanmaga berildi. Ýylyň ahyryna çenli ýene-de birnäçe desgany ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Mejlisde milli ykdysadyýeti mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, öndürilýän harytlaryň görnüşlerini artdyrmak hem-de önümleriň eksport ugurlaryny giňeltmek möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

— Daşky gurşaw bilen bagly meseleler Türkmenistanyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň hemişe üns merkezinde durýar. Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda olaryň köpüsi boýunça başlangyçlar öňe sürülýär — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy we şenbe güni ýurtda nobatdaky ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçiriljekdigini belledi.

Döwlet Baştutany mejlisiň barşynda wise-premýer A.Ýazmyradowa Hasyl toýuny hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin möhüm çäreleri görmegi tabşyrdy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň