Turkmenportal logo
04.11.22
4016140161
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistandan Azerbaýjana 1,4 müň syýahatçy bardy
Türkmenistandan Azerbaýjana 1,4 müň syýahatçy bardy

Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Azerbaýjana 1 million 323 müň 416 daşary ýurtly geldi. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 118% ýokarydyr diýip, ýurduň syýahatçylyk gullugyna salgylanyp «Report» habar berdi.


Şu ýylyň oktýabr aýynda Azerbaýjana 160 müň 467 syýahatçy geldi. Bu 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 76% köpdür.


Habarda bellenilşi ýaly, Azerbaýjana Türkmenistandan 1,4 müň syýahatçy bardy.


Oktýabr aýynda Azerbaýjana gelen syýahatçylaryň sany boýunça Russiýa birinji ýerde durýar — 54,1 müň adam. Ikinji ýeri Türkiýe (28,3 müň adam), üçünji orny Eýran (15,3 müň adam) eýeleýär.