Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropa ligasynda pleý-off tapgyrynyň ähli gatnaşyjylary belli boldy

16:0104.11.2022
0
25013

Düýn Ýewropa ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndan orun alan oýunlar tamamlanyp, ýaryşyň pleý-off tapgyryna ýollanma eýe çykan ähli toparlar belli boldy.

Oňa laýyklykda, «Arsenal», «Fenerbahçe», «Betis», «Sent-Jilluaz», «Real Sosýedad», «Feýenord», «Fraýburg» we «Ferenswaroş» klublary öz toparçalarynda birinji ýeri eýeläp,1/8 finala atlaryny ýazdyrdylar.

Öz toparçalarynda ikinji orny alan «PSW», «Renn», «Roma», «Ýunion», «Mançester Ýunaýted», «Midtýulland», «Nant», «Monako» toparlary bolsa, ÝÇL-de toparçada üçünji ýeri eýelän «Aýaks», «Baýer», «Barselona», «Sporting», «Zalsburg», «Şahtýor», «Sewilýa» hem-de «Ýuwentus» klublary bilen 1/16 final tapgyrynda güýç synanyşarlar.

Pleý-off tapgyryna bije çekmek dabarasy 7-nji noýabrda Şweýsariýanyň Nýon şäherinde geçiriler.

1/16 final tapgyrynyň deslapky duşuşyklary 2023-nji ýylyň 16-njyfewralynda oýnalyp, jogap oýunlary bir hepdeden soň, geljek ýylyň 23-nji fewralynda bolup geçer. 1/8 final tapgyrynyň bijeleri bolsa 24-nji fewralda çekiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň