Turkmenportal logo
04.11.22
4989449894
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkiýäniň awiakompaniýasy uçar gatnawlaryny artdyrýar
Türkiýäniň awiakompaniýasy uçar gatnawlaryny artdyrýar

Türkiýäniň «Türk howa ýollary» awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň dekabr aýyndan başlap Türkmenistana adaty uçar gatnawlarynyň sanyny artdyrýar. Bu barada awiakompaniýa salgylanyp, «Atavatan-Turkmenistan» saýty habar berdi.


«Türk howa ýollary» awiakompaniýasy dekabr aýyndan başlap, hepdede 3 gezek Türkmenistana howa gatnawlaryny amala aşyrar.


Awiakompaniýa Türkmenistan ugruna adaty uçar gatnawlaryna üstümizdäki ýylyň noýabr aýynyň 2-sine başlapdy we häzirki ýagdaýda hepdede 2 gezek Türkmenbaşy ugruna adaty uçar gatnawlaryny amala aşyrýar.


Uçuşlar bellenen günlerde ýerli wagt bilen sagat 11:00-de Stambuldan Türkmenbaşa uçar we Türkmenbaşy halkara howa menziline sagat 15:55-de gonar. Türkmenbaşydan Stambula bolsa ýerli wagt bilen 17:25-de uçar we Stambula sagat 18:50-de gonar.


Täze maglumata görä, Türkiýäniň «Türk howa ýollary» awiakompaniýasy, 2022-nji ýylyň dekabr aýyndan başlap bolsa, duşenbe, çarşenbe we anna günlerinde adaty uçar gatnawlaryny amala aşyrar.