Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaraly harby ýöriş geçiriler, «Türkmenistan» bankynda metjitleriň gurluşygy üçin haýyr-sahawat hasaby açyldy, iýun aýy üçin howanyň garaşylýan temperaturasy we beýleki habarlar

10:3701.06.2022
0
24970

1. Türkmenistanda 2022-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda belleniljek döwlet Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýöriş geçirmek meýilleşdirilýär.

2. «Türkmenistan» Döwlet täjirçilik bankynda ýurdumyzyň welaýatlarynda metjitleriň gurluşygyna maddy goşant goşmak isleýänler üçin ýörite hasap açyldy.

3. Çaryguly Ataýew Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazy wezipesine bellenildi.

4. Şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň sebitleriniň köpüsinde howanyň ortaça aýlyk temperaturasy adatdakydan 0,5 – 2 ° C ýokary bolar. Şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda howanyň garaşylýan ortaça temperaturasy 29 – 31 ° C deň bolar.

5. «Watan» kinokonsert merkezinde “Çagalar – durmuşyň gülleri!” atly tans festiwaly geçirildi. Çärede 300-den gowrak çaga çykyş edip, olaryň iň körpejesi ýaňy üç ýaşyndady. Olar halk tanslary, breýk, lezginka, mýuzikllerden bölekler we başga görnüşdäki tanslary ýerine ýetirdiler.

6. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, görnükli pars şahyry, meşhur “Şanama” eseriniň awtory we söz ussady Abulkasym Firdöwsi hatyralama güni geçirdi.

7. Türkmenistandaky “Toyota” merkezi Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli awtoulaglary surat eserlerinde çeper şöhlelendirmek boýunça çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda döredijilik bäsleşigini yglan etdi. Bäsleşige Türkmenistanyň ähli künjeklerinden 15 ýaşa çenli ýaş suratkeşler gatnaşyp bilerler. Işler Aşgabat şäheriniň Oguzhan köçesiniň 7/A jaýyna, «Garagum-Ulag Toyota merkezine» getirilmeli ýa-da poçta arkaly ugradylmaly.

8. Tehas ştatyndaky taşlanan garažlaryň birinde 1970-nji ýylda öndürilen seýrek «Plymouth Hemi Cuda» ulagy tapyldy. Iň soňky gezek 1976-njy ýylda sürülen awtoulag tozan bilen örtülipdir. Ulag 46 ýyllap şol ýerde durupdyr. Çaklamalara görä, awtoulagyň bahasy takmynan 3,5 million amerikan dollaryna deň bolup biler.

9. «McDonald’s» şa zenany Ýelizaweta II-niň platina ýubileýi üçin ýadygärlik farfor gap-gaçlar toplumyny çykarmagy meýilleşdirýär. Ýadygärlik toplum burger gaby görnüşindäki tabakdan, fri görnüşinde bişirilen ýeralma üçin niýetlenen gutynyň farfor görnüşinden we turbajykly bulgurdan ybarat bolar.

10. 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndylarynyň arasynda Aziýa Kubogy ugrunda çempionatyň final tapgyry şu gün başlanýar. Türkmenistanyň ýygyndy topary ýaryşda ilkinji gezek oýnar, 1-nji tapgyrda olaryň garşydaşy Özbegistanyň milli ýygyndysy bolar. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 20:30-da Daşkentdäki «Pahtakor» stadionynda başlar.

11. Aşgabat wagty bilen sagat 23:45-de täze ýaryş — «Finalissima» duşuşygy geçiriler. Ol bir oýundan ybarat bolup, onda Ýewropanyň häzirki çempiony bolan Italiýanyň milli ýygyndysy we Amerikanyň Kubogy çempionatynyň ýeňijisi Argentinanyň milli ýygyndysy güýç synanyşarlar. Duşuşyk «Matç TW» teleýaýlymynda göni ýaýlymda görkeziler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň