Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe häzirki günlerden taýýarlyk başlanar

22:0831.05.2022
0
11461
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe häzirki günlerden taýýarlyk başlanar
surat: milligosun.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda 2022-nji ýylyň bäş aýynda Ýaragly Güýçleriň edaralarynyň alyp baran işleriniň jemlerine garaldy, şeýle-de ýurtda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini kämilleşdirmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany mejlisiň gün tertibini yglan edip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň hasabatlaryny diňledi.

Bellenilşi ýaly, şu ýylyň ýanwar – maý aýlarynda ýurtda durnuklylygy, kanunylygy hem-de düzgün-tertibi saklamak, ýurduň goranyş ukybyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, esgerleriň we serkerdeleriň gulluk etmegi we ýaşaýyş-durmuşy üçin degişli şertleri döretmäge gönükdirilen harby özgertmeleriň barşy hasabatyň aýratyn meselesi boldy.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, üstünlikli durmuşa geçirilýän, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň ýurtda parahat we asuda durmuşyň ygtybarly kepili bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Milli goşuny mundan beýläk-de tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, işgärleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, harby gullukçylaryň durmuş üpjünçilik meselelerini çözmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlendi. Şeýle hem ugurdaş okuw mekdepleriň ýaş harby talyplarynyň hem-de harby gullugy geçýän esgerleriň arasynda watançylyk-terbiýeçilik işlerini guramagyň möhümdigine aýratyn üns çekildi.

Döwlet Baştutany goranmak ministri B.Gündogdyýewe häzirki wagtda Ýaragly Güýçleriň hatarlaryndan ätiýaçlyga goýbermek we Türkmenistanyň raýatlarynyň ýazky çagyryş möwsümi boýunça amala aşyrylýan işleriň degişli derejede hem-de kanunçylyga laýyklykda geçirilişini berk gözegçilikde saklamalydygyny nygtap, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe häzirden taýýarlyk görlüp başlanmalydygyna ünsi çekdi hem-de degişli görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň