Ýüregedüşgünç mör-möjeklerdigine garamazdan, siňekler möhüm ekologik hyzmaty bitirýärler we Ýerde arylardan soňra iň işjanly tozanladyjylar bolup durýarlar.
ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatynyň uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren täze ylmy barlaglary siňekleriň arylara garanda, howanyň üýtgemeginden has köp ejir çekýändigini görkezdi. Ylmy barlaglaryň jemleri «Journal of Melittology» žurnalynda çap edildi.
Ýagny alymlar topary arylaryň hem-de siňekleriň Demirgazyk we Günorta Afrikanyň tropiki we subtropiki sebitleriniň yssy howasyna durnuklylygyny deňeşdirdiler. Görlüp oturylsa, siňekler arylara garanyňda, howanyň gyzmagyny has agyr geçirýän ekenler.
Arylaryň yssy howa çydamlylygynyň sebäbi, olar has giň çäklere ýaýrandyrlar. Galyberse-de, siňekleriň öz bedeniniň temperaturasyny kadalaşdyrmak ukyby çäkli, şonuň üçin olar howanyň üýtgemegini agyr başdan geçirýärler diýip, alymlar belleýärler.
Alymlar tozanladyjylar hökmünde siňeklere has köp üns bermäge çagyrýarlar. Soňky ýyllarda köp ýurtlaryň hünärmenleri bu ugurda kyn tebigy şertlerde ýaşamaga ukyplylygy üçin arylara üns berýärler.
Çeşme: Vfokuse.mail.ru