ABŞ-nyň Tehas ştatyndaky taşlanan garažlaryň birinden 1970-nji ýylyň seýrek duş gelýän Plymouth Hemi Cuda kysymly awtoulagyny tapdylar. Soňky gezek 1976-nji ýylda sürlen bu awtoulagy tozan basyp gidipdir. Awtoulag şol bir ýerde 46 ýyllap durupdyr. Elektrik aýna galdyryjyly, radioenjamly we öňki diskleri tormozly täze tapylan Plymouth Hemi Cuda kysymly awtoulag soňky gezek hýustonly kolleksioner Darrel Wişnewskiý tarapyndan satyn alnyp, gaýtadan abatlanmaga iberilipdir.
Plymouth Hemi Cuda kysymly kabriolet awtoulagy bary-ýogy 27 sany nusgada önümçilige goýberilipdir we olaryň 14-üsi 1970-nji ýylda öndürilen nusgalardyr. Häzirki wagtda bolsa bu Ýer ýüzüniň iň gymmat awtoulaglarynyň hatarynda durýar. Onuň bahasy auksionda millionlarça dollar diýlip bahalandyrylýar.
2014-nji ýylda edil şu hili Plymouth Hemi Cuda kysymly awtoulagyň 3.500.000 dollara satylandygyny bellemek bolar.