Turkmenportal logo
21.12.24
2654326543
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lukmanlar garry enäniň gulagyndan 76 ýyllap ýatan monjuk çykardylar
Lukmanlar garry enäniň gulagyndan 76 ýyllap ýatan monjuk çykardylarSurat: Gazeta.ru

Podmoskowýeli pensioner zenan gowy eşitmeýändigi sebäpli lukmanlara ýüz tutanda, ömürboýy diýen ýaly gulagy monjukly ýaşandygyny bildi. Bu barada Moskwa oblastynyň Saglygy goraýyş ministrligine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.


Ýagny oblastyň Widnowsk hassahanasyna 81 ýaşly ene ýüz tutdy. Ol gulak-bokurdak lukmanyna sag gulagynyň eşidişiniň ýaramazlaşandygyndan nägilelik bildirdi. Lukman gulagy barlanda, ol ýerden monjuk tapdy, ol monjugy ýörite gaňyrçak bilen çekip aldy.


Monjugy synlan ene bäş ýaşyndaka boýnundaky dür düzüminiň üzülendigini, şondan ondaky monjuklaryň birini näçe gözleseler-de, tapmandyklaryny ýatlady. Ol indi diýseň gowy eşidýändigini aýdyp, lukmana minetdarlyk bildirdi hem-de monjygy ýadygärlik üçin ýanyna aldy.