Britan şa aýaly Ýelizaweta II-niň platina ýubileýi mynasybetli «McDonald’s» tiz tagam torunyň bölümçesi farfor gap-gaçlarynyň tapgyryny ulanyşa goýberer. Ýadygärlik gap-gaçlaryň tapgyry burger üçin niýetlenen tarelkadan, ýer alma frisi üçin farfor gabyndan we turbajykly stakandan ybarat bolar. Bu täsin gaplary döredijiler öndürilen zatlar «Şa aýaly ýaly iýip-içmäge» mümkinçilik berer diýip belleýärler.
Mundan başga-da, bu gaplarda kärhananyň haryt nyşany hem-de Şa aýalynyň 70 ýaş toýuny alamatlandyrýan belgiler bolar. Daily.afisha web saýtynda habar berlişi ýaly, bu gap-gaçlar 70 sany nusgada öndürilip, olardan peýdalanmak isleýänler gap-gaçlary ykjam goşundydan bäsleşige gatnaşyp alyp bilerler.
Şa aýalynyň ýubileýiniň şanyna kompaniýanyň «I’m lovin’ it» diýen meşhur jümlesi «One’s lovin’ it» diýlip wagtlaýynça üýtgedildi. Kompaniýanyň sazy hem täzelenip, ol Korollygyň filarmoniýa orkestriniň gatnaşmagynda gaýtadan düzüldi.