Arhiw

Türkmenistanda iýun aýynda howa adaty bolmalysyndan 0,5-den 2 gradusa çenli ýokary göteriler

09:2431.05.2022
0
32870

Iýun aýynda Türkmenistanyň sebitleriniň aglabasynda howanyň derejesi adaty bolmalysyndan 0,5-den 2 gradusa çenli ýokary bolmagyna garaşylýar.

Bu bolsa öňümizdäki iýunyň juda bir yssy aý bolmajakdygyny görkezýär. Ýöne bu aýyň dowamynda yssy günleriň asla bolmajakdygyny aňladýan däldir.

Aşgabat şäherinde ortaça maýyllyk 29,6 derejä deňdir. Şäherdäki iň sowuk iýun 1916-njy ýylda, iň gyzgyny bolsa 2015-nji ýylda bellige alyndy. 2015-nji ýylyň iýuny howanyň 47,2 derejede gyzmagy bilen ýylyň rekordyny hem goýdy.

Şu iýunda Aşgabatda howanyň ortaça derejesiniň +29,5о…+31,5о aralygynda bolmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň