Soňky habarlar

Arhiw

Argentina bilen Italiýa täze kubok üçin güýç synanyşar

16:0131.05.2022
0
9463

Ýewropanyň kubogy-2020 we Amerikanyň kubogy-2021 futbol ýaryşlarynda ýeňiji bolan milli ýygyndylar — Italiýa bilen Argentina täze döredilen «Finalissima» kubogy üçin bäsleşerler. Toparlaryň arasynda geçiriljek bu duşuşyk London şäherinde bolar.

Täze kubogyň ilkinji dalaşgärleriniň duşuşygy 1-nji iýunda Wembli stadionynda Aşgabat wagty bilen sagat 23:55-de başlanar. Duşuşygy Türkmenistanyň çäginde göni ýaýlymda IPTV teleýaýlym tory ýa-da Horjun TV onlaýn platformasy arkaly «Матч ТВ» teleýaýlymyndan tomaşa edip bilersiňiz.

«Finalissima» — bu bir duşuşykdan ybarat bolan formatdaky duşuşyk bolup, onda Ýerwopanyň we Amerikanyň iň gowy milli ýygyndy toparlary özara bäsleşýärler. Bu ýaryş üstümizdäki ýylda ilkinji gezek geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň