«Toyota» Türkmenistanda çagalaryň arasynda «Arzuwymdaky awtoulag» atly surat çekmek bäsleşigini geçirýär

16:5531.05.2022
0
8840

«Toyota» Türkmenistanda Çagalaryň halkara güni mynasybetli çagalaryň we ýetginjek ýaşlaryň gatnaşmagynda awtoulaglaryň suratyny çekmek boýunça döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşige Türkmenistanyň ähli şäherlerinden 15 ýaşa çenli suratkeş çagalar gatnaşyp bilerler. Bäsleşik üç derejede — 7 ýaşa çenli, 8 — 11 ýaş hem-de 12 — 15 ýaş aralygyndaky çagalaryň arasynda geçiriler.

Işleri şu görkezilen salga eltip ýa-da elektron poçta salgysy arkaly ibermelidir: Aşgabat ş., Oguzhan köçesi, 7/A jaýy, Garagum-Ulag Toyota merkezi.

Suratlaryň kabul edilişigi 2022-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda tamamlanar. Emin agzalarynyň adalatly baha bermeginiň netijesinde her ýaş derejesi boýunça 3 çaga ýeňiji hökmünde yglan ediler. Bäsleşigiň esasy baýragy planşet bolar. Bäsleşigiň guramaçylarynyň bellemegine görä, her bir işe aýratyn üns berler.

«Arzuwymdaky awtoulag» atly surat çekmek bäsleşigi «Toyota» kompaniýasynyň bütin dünýä boýunça ýola goýan başlangyjy bolup, çagalaryň we ýetginjekleriň döredijilik ukyplarynyň ýüze çykmagyny göz öňüne tutýar.

Bellesek, bäsleşik üçin hödürlenilýän suratlar galamlar, reňkli flomasterler, dürli reňkler, markerler we beýleki çeperçilik gurallary bilen A3 (bolsa) ýa-da A4 formatdaky kagyza çekilip bilner.

Hökmany şert: Bäsleşige iberilýän suratlar dürli reňkler bilen ýerine ýetirilen görnüşde, şeýle hem dolulygyna reňklenen fonly bolmalydyr.

Goşmaça sowallar ýüze çykan ýagdaýynda şu telefon belgilerine jaň edip ýüz tutup bilersiňiz: +993(12) 437057.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň