Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar birek-biregi we doganlyk halklary täze 2025-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de saglyk, bagt, agzybirlik, parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler. Bu barada özbek Lideriniň Metbugat gullugy habar berdi.
Bellenilişi ýaly, telefon arkaly söhbetdeşlikde Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy we strategiki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak bilen bagly derwaýys meseleler barada jikme-jik pikir alşyldy.
Şeýle-de özara söwda dolanyşygynyň çalt depginler bilen ösýändigi, energetika, ulag, senagat, oba we suw hojalygy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň barha gerimini giňeldýändigi, işewürlik we medeni-ynsanperwer ugurlarda alyş-çalyşlaryň işjeňleşýändigi uly kanagatlanma bilen bellenildi.
Özbegistanyň döwlet Baştutany şu ýyl şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýokary derejede geçirilen halkara çäreler barada aýratyn durup geçdi. Şunuň bilen baglylykda, özbek we türkmen kino ussatlary tarapyndan şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanylan bilelikdäki çeper filmiň surata düşürilendigi, başga-da birnäçe bilelikdäki çäräniň geçirilendigi nygtaldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk görmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de geljek ýylda Türkmenistanyň we Özbegistanyň gatnaşmagyna geçiriljek çäreleriň meýilnamalaryna hem garaldy.