Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyr» abonentleri üçin mugt «Oraza» hyzmatyny girizdi, Türkmenistanda Nowruz baýramy bellenildi, saýlawçylaryň 1,82%-i Türkmenistanyň parlament saýlawlarynda möhletinden öň ses berdi we beýleki habarlar

11:1223.03.2023
0
38945

Türkmenistanda

1. «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk operatory Türkmenistanda mugt «Oraza» hyzmatyny girizdi, onuň kömegi bilen abonentler gündelik agyz beklenilýän we açylýan wagtlarynyň tertibi boýunça hatlary alyp bilerler. Hyzmaty telefonyňyzda ýörite buýrugy aýlap ulanyp bilersiňiz.

2. Türkmenistanda Halkara Nowruz güni ruhubelentlik bilen bellenildi. Bu baýramçylyk ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendir. Esasy dabaralar, däp bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Nowruz ýaýlasynda» ýaýbaňlandyryldy.

3. Türkmenistanyň Mejlisine deputatlary saýlamak boýunça möhletinden öň ses berişlik 16-njy martdan bäri dowam edýär. 21-nji marta çenli Türkmenistan boýunça hasaba alnan saýlawçylaryň umumy sanynyň 1,82%-i ses berişlige gatnaşdy. Möhletinden öň ses berişlik her gün 08:00-dan 18:00-a çenli geçirilýär we 25-nji martda tamamlanar. Türkmenistanyň Mejlisine deputatlyga saýlawlary 26-njy martda geçirmek bellenildi. Şeýle hem şol gün welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalary saýlanar.

4. Türkmenistanyň ylym we bilim pudaklarynyň wekilleri mart aýynda iş sapary bilen Ispaniýada boldular. Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Granada şäherindäki Arap golýazmalaryny öwrenmek merkezinde Ispaniýanyň ylym we bilim pudaklarynyň wekilleri bilen duşuşdy. Bu bilim edarasy Gündogaryň we Günbataryň, şol sanda türkmen halkynyň taryhy, edebiýaty, medeniýeti bilen baglanyşykly golýazma ýadygärlikleriniň, seýrek kitaplaryň we arhiw materiallarynyň saklanýan Ispaniýanyň esasy merkezleriniň biridir.

5. Türkmenistanda Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi peýda bolar. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmen atlary» döwlet birleşigine Atçylyk ylmy-önümçilik merkezini bellenen tertipde döretmek hem-de bu merkeziň Tertipnamasyny taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy. Şu ýylyň fewral aýynda Prezidentiň Karary bilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy döredilipdi we «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň ygtyýaryna geçirilipdi.

6. Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan dört gatly 32 öýli ýaşaýyş jaýy täze ýaşaýyş jaýy dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi. Dabara Aşgabat şäher häkimliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, döredijilik işgärleri, ýaşulular we Büzmeýin etrabynyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Täze binanyň ýanaşyk ýerleri hem doly abadanlaşdyryldy – çagalar üçin oýun meýdançalary we sport meýdançalary guruldy, ýaşyl zolaklar bilen üpjün edildi, şeýle hem awtoulaglar üçin duralgalar göz öňünde tutulandyr.

Dünýäde

7. ABŞ-de haýwanlary söýýänler «aýyjyklary gujaklaýan» wezipesinde işlemäge çagyrylýar. Dalaşgärlerden haýwanlara bolan söýgi hem-de biologiýa, ekologiýa ýa-da ugurdaş hünärler boýunça bakalawr derejesi talap edilýär. Adyna garamazdan, bu iş ştatyň aw we balykçylyk hakynda kanunlarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek, ýabany haýwanlaryň ýaşaýan ýerlerini öwrenmek we okuw çärelerini geçirmek bilen baglanyşyklydyr. Şeýle hem aýylaryň sürenlerine girmeli we umuman, örän kyn we dartgynly şertlerde işlemeli bolar.

8. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň Russiýa iki günlük döwlet sapary tamamlandy. HHR-niň Başlygynyň RF-e saparynyň dowamynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy we söhbetdeşlikde Russiýa-Hytaý strategiki hyzmatdaşlygynyň, şeýle hem söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň iň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk, ilkinji nobatda, Russiýa Federasiýasyndan Hytaýa gaz ibermek barada boldy. Iki döwletiň Baştutanlarynyň duşuşygynyň netijeleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda degişli resminamalaryň 14-sine gol çekildi. Russiýanyň Prezidenti hytaýly türgenleri geljek ýyl Kazanda geçiriljek «Geljek oýunlaryna» gatnaşmaga çagyrdy.

Sport habarlary

9. Şu gün Aşgabat wagty bilen sagat 19:00-da futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Malaýziýanyň toparyna garşy dostluk duşuşygyny geçirer. Duşuşyk Johor ştatyndaky Soltan Ibragim adyndaky stadionda geçiriler. Bir gün öň Mergen Orazowyň şägirtleri Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda oýundan öňki türgenleşigi geçirdi.

10. Türkmenistan milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow öňde boljak duşuşyk barada garaýyşlaryny paýlaşdy. Ol duşuşygyň dostlukly häsiýete eýedigine garamazdan, elbetde, ähli oýunçylaryň netije barada pikir edýändigini aýtdy. «Malaýziýanyň güýçli garşydaşdygyna düşünýäris, olar bu stadionda yzygiderli oýnaýan bitewi topar hökmünde kemala geldiler. Bu oýun biziň üçin güýjümizi barlamak we oýundan soň dogry netije çykarmak üçin mümkinçilikdir. Netije barada gürleşemzok, ýöne edil resmi oýunlardaky ýaly özüňi bermeli» diýip, Gonkongyň «Kitçi» toparynyň ýarymgoragçysy «Turkmenportal-yň» habarçysy bilen geçirilen aýratyn söhbetdeşlikde gürrüň berdi.

11. 31 ýaşly hüjümçi Myrat Ýakşiýew erkin agent hökmünde Aşgabadyň «Altyn asyryndan» Gyrgyzystanyň «Neftçi» toparyna göçdi. Ýakşiýewiň täze topary Jalal-Abad sebitiniň Koçkor-Ata şäherinde ýerleşýär we öz meýdançasyndaky duşuşyklary «Kurmanbek» stadionynda geçirýär. Ýakşiýewiň «Neftçi» bilen şertnamasynyň 1 möwsüme niýetlenendigini, onuň toparda 11-lik belgide çykyş etjekdigini bellemek gerek.

12. Aşgabatda futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň bije çekişligi geçirildi. Ýaryşa ýurduň Ýokary ligasynyň 8 topary gatnaşar – «Altyn asyr», «Ahal», «Aşgabat», «Şagadam», «Nebitçi», «Merw», «Energetik» we «Köpetdag». 1/4 final duşuşyklary 18-nji we 29-njy aprelde geçiriler. Ýatlatsak, häzir Türkmenistanyň Kubogyna «Ahal» eýelik edýär. Final duşuşygynda Mergen Orazowyň şägirtleri «Şagadam» toparyndan 5: 0 hasabynda üstün çykypdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň