Türkmenistanda Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi dörediler

21:4922.03.2023
0
33321

«Türkmen atlary» döwlet birleşigine Atçylyk ylmy-önümçilik merkezini bellenen tertipde döretmek hem-de bu merkeziň Tertipnamasyny taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara şu gün — 22-nji martda gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama ýurtda atçylyk sungatyny has-da ösdürmek, halk seçgisi esasynda döredilen, ynsan kimin duýgur we gözelligiň nusgasyna öwrülen, ýelden ýüwrük behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmek, olaryň seçgi-tohumçylyk işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň