Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «Oraza» hyzmatyny ýola goýdy

22:3422.03.2023
0
82568

«Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti täze «Oraza» atly USSD hyzmatyny ýola goýdy. Abonentler agyz beklenýän we açylýan wagtlaryny tölegsiz «Oraza» hyzmatyndan peýdalanyp, anyklap bilerler.

Hyzmaty telefonyňyzda ýörite buýruklary aýlap ulanyp bilersiňiz:

  • *0870*1# — Ahal welaýaty we Aşgabat şäheri üçin;
  • *0870*2# — Balkan welaýaty üçin;
  • *0870*3# — Daşoguz welaýaty üçin;
  • *0870*4# — Mary welaýaty üçin;
  • *0870*5# — Lebap welaýaty üçin.

Ozal habar berşimiz ýaly, 2023-nji ýylda Remezan 23-nji martyň säheri bilen başlanar we 20-nji aprel gijesine çenli dowam eder. 21-nji apreliň säherinde bolsa Oraza baýramy belleniler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň