2023-nji ýylyň Türkmenistanda Oraza aýynda agyz beklenýän we açylýan wagtlary

0
290292

Remezan – musulman senenamasynyň dokuzynjy aýydyr, şol döwürde musulmanlar 30 günlük säherden agşama çenli agyz bekläp, Oraza tutýarlar we aýyň ahyrynda Oraza baýramyny belleýärler.

Mukaddes Remezan aýy diňe bir berk agyz beklenýän wagt däldir. Ol ruhy arassalygyň nyşanydyr, günäli pikirlerden saplanmaga we Gudratygüýçlä wepalylygyňy subut etmek üçin ýagşy işleri etmäge mümkinçilikdir.

2023-nji ýylda Remezan aýy haçan başlanýar we gutarýar?

Mukaddes aýyň başlangyjy we ahyry her ýyl dürli senelere düşýär, çünki ol aý senenamasy esasynda kesgitlenýär. 2023-nji ýylda Remezan 23-nji martyň säheri bilen başlanar we 20-nji aprel gijesine çenli dowam eder. 21-nji apreliň säherinde bolsa Oraza baýramy belleniler.

Oraza tutmak Günüň dogmagy bilen başlanýar we Gün ýaşanda tamamlanýar. Bu döwürde agyz beklemek dowam edýärkä säherden agşama çenli musulmanlar nahar iýmeli we suw içmeli däldirler.

Şonuň üçin hem mukaddes Remezan aýynyň her gününi haçan dogry başlamalydygyny we tamamlamalydygyny bilmek möhümdir. Şunda 2023-nji ýylyň her güni üçin Oraza meýilnamasy kömek edip biler, onda Günüň dogmagy we ýaşmagy bilen baglanyşykly agyz beklenilýän (Gün dogmanka nahar edinmek) we agyz açylýan (agşamlyk nahary) wagtlary görkezilýär.

2023-nji ýylyň Remezan aýynda agyz beklenilýän we açylýan wagtlaryň meýilnamasy (Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty üçin)

2023-nji ýylyň Remezan aýynda agyz beklenilýän we açylýan wagtlaryň meýilnamasy (Balkan welaýaty üçin)

2023-nji ýylyň Remezan aýynda agyz beklenilýän we açylýan wagtlaryň meýilnamasy (Mary welaýaty üçin)

2023-nji ýylyň Remezan aýynda agyz beklenilýän we açylýan wagtlaryň meýilnamasy (Daşoguz welaýaty üçin)

2023-nji ýylyň Remezan aýynda agyz beklenilýän we açylýan wagtlaryň meýilnamasy (Lebap welaýaty üçin)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar