Bitaraplyk ― bagtyň dünýä açylan penjiresi

0
13347

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda özygtyýarly Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň berkidilen gününiň 28 ýyllygyny baýram edýär. Türkmen döwletiniň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylan bu şöhratly sene, mälim bolşy ýaly, öz gözbaşyny 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndan alyp gaýdýar. Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şanly 50-nji mejlisinde BMG-niň şol wagt düzümine giren 185 agza döwletleriniň biragyzdan ses bermeginde «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, ýurdumyz dünýä tejribesinde ilkinji gezek bitarap döwlet diýlip yglan edildi.

Ýyllarboýy Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli, oňyn başlangyçly, hoşniýetli goňşuçylykly bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip gelýär. Ýurdumyzyň Ýer ýüzünde durnukly ösüşi gazanmak, howpsuzlygy üpjün etmek we parahatçylygy pugtalandyrmak, sebit derejesinde ýakyn-u-alysdaky ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşine ýardam etmek babatdaky tagallalary ählumumy ykrarnamasyna eýe bolýar. Ýokarda agzalan resminamanyň gaýtadan,  Halkara Bitaraplyk gününi yglan edýän Kararnamanyň, «Halkara parahatçylygy,  howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly

Kararnamanyň kabul edilmegi, BMG-niň çäklerinde döredilen Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparyna dünýä döwletleriniň birnäçesiniň goşulmagy munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň dowam edýän  Bitaraplyk taglymaty hem öňegidişliklere beslenýär. Gysga wagtyň içinde köp sanly daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy täze mazmun bilen baýlaşdyrmak boýunça netijeli işleriň geçirilendigine hemmämiz şaýat.

Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň ganatynda döwletimiziň alyp barýan halkara gatnaşyklarynyň hataryndan iri maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň hem oňyn paýy bar. Şol guramalaryň arasyndan Halkara pul gaznasy, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky, Aziýa ösüş banky we Yslam ösüş banky bilen hyzmatdaşlyk has ýokary derejelere göterilendir. 

Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň köpden bäri strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Biziň ýurdumyzyň bu iri maliýe düzümi bilen hyzmatdaşlygy birnäçe ugurlar boýunça amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň ykdysady ösüşine Halkara pul gaznasy tarapyndan berilýän ýokary bahalar ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň möçberli ykdysady we maliýe özgertmeleri hemmetaraplaýyn we anyk seljermelere esaslanýar. Abraýly halkara maliýe guramasy tarapyndan milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli ädimleriň goldanylmagy we ykrar edilmegi Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeleriň öz wagtynda geçirilýändiginiň hem-de örän derwaýysdygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk 20 ýyla golaý wagtdan bäri dowam edip gelýär. Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky sebitde iri maýadar bolmak bilen, Merkezi Ýewropadan başlap, Merkezi Aziýa çenli 29 sany ýurtda hususy, şeýle hem döwlet ulgamynda uzak wagtlaýyn karz bermek işini amala aşyrýar.

Türkmenistan 1992-nji ýylda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň hukukly agzasy we paýdary boldy.

Türkmenistanyň Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy barada aýtmak bilen TAM/BAS Maksatnamasy barada hem durup geçmek gerek. Türkmenistanda bu maksatnamany durmuşa geçirmegiň esasy maksady telekeçiligi ösdürmäge ýardam edýän işjeň ýagdaýy döretmekden, uly ösüş mümkinçiligi bolan we hünärli işgärleri taýýarlamakdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň we döwletara banky bolan Aziýa ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hem işjeň ösdürilýär. Bu bank Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynda ykdysady ösüşi maliýeleşdirmäge ýöriteleşdirlendir. Türkmenistan 2000-nji ýylda Aziýa ösüş bankynyň agzasy boldy.

Köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda Aziýa banky ulag, tebigaty goramak, statistika we beýleki ulgamlarda möhüm taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagyny yzygiderli ýokarlandyrýar. Wajyp taslamalaryň hatarynda Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde iň iri taslamalaryň biri bolan Türkmenistan-Owganystan ― Pakistan ― Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy baradaky taslamanyň tehniki we maliýe taýdan goldanylmagyny görkezmek bolar. 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda ýurdumyzyň Mary welaýatynda Türkmenistan ― Owganystan ― Pakistan ― Hindistan gaz geçirijisiniň hem-de “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň nobatdaky desgalarynyň gurluşygyna badalga berildi.

Yslam ösüş banky halkara maliýe instituty hökmünde Yslam Konferensiýasy guramasynyň ýurtlarynyň Maliýe ministrleriniň maslahatynda 1973-nji ýylyň dekabrynda döredildi. Resmi Yslam ösüş banky 1975-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Yslam ösüş bankynyň dolandyryjylarynyň Müdirýetiniň duşuşygyndaky inaugurasiýanyň netijesinde döredildi. Bank Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna gatnaşyjylaryň sosial-ykdysady ösüşini goldamak üçin döredildi. Yslam hyzmatdaşlygy guramasynyň 56 sany yslam döwleti bankyň agzalarydyr. Bankyň paýdarlar kapitalynda esasy goýumçylar Saud Arabystany, Liwiýa, Birleşen Arap Emirlikleri we Küweýt ýurtlarydyr.

Türkmenistan Yslam ösüş bankynyň agzalygyna 1994-nji ýylyň noýabr aýynda girdi. Türkmenistanyň Yslam ösüş bankynyň agzasy bolan döwründe Bank saglygy goraýyş, ulag we aragatnaşyk ulgamlaryndaky birnäçe taslamalary maliýeleşdirmäge gatnaşdy.

Türkmenistan bu bank bilen hyzmatdaşlykda 6 döwletden ybarat bolan topara girýär. Olar Azerbaýjan, Albaniýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistandyr.

Umuman, ýurdumyzyň Bitaraplyk derejämiziň saýasynda halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda täze derejelere göterilýär. Bu işlere ýurdumyzyň maliýe edaralary, şol sanda Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky hem ýakyndan gatnaşýar. Bu baýry karz edarasy hyzmatdaş banklar bilen gatnaşygy barha ýygjamlaşdyryp, müşderilerine hödürleýän hyzmatlarynyň iň döwrebap derejede bolmagy üçin yzygiderli işleri geçirýär. Bu günki gün bankyň hyzmatlarynyň aglaba böleginiň şol derejä laýyk gelýändigini guwanç bilen aýdyp bileris.

Goşa bagtymyz ― mukaddes Garaşsyzlygymyz we hemişelik Bitaraplygymyz başymyzyň täjidir. Bu goşa bagtyň saýasynda döwletli Diýarymyza diňe belent ösüşler ýar bolsun!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar