Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda golaýda geçiriljek ilat ýazuwy barada nämeleri bilmeli?

0
58139

«Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek». Ine, hut şu şygar bilen 2022-nji ýylyň 17 — 27-nji dekabry aralygynda Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçiriler. Bu köpçülikleýin çäräniň nyşany hökmünde türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna bolan sarpasyny alamatlandyrýan Türkmeniň ak öýi saýlanyp alyndy.

Türkmenistanyň ýaşaýjylary, şol sanda daşary ýurtlaryň raýatlary hem-de raýatlygy bolmadyk adamlar baradaky maglumatlary ýörite taýýarlygy geçen hünärmenler alyp bararlar.

Degişli maglumaty toplamak üçin hasaplaýjylar öýlere we jaýlara aýlanyp, her biri aýry-aýry kesgitlenen sowallary özünde jemleýän 4 sany kagyz boýunça maglumatlary belleýärler. Olaryň köp sanlysy ýaş aýratynlygy, milleti, jynsy, doglan ýeri we ýyly, raýatlygy, maşgala ýagdaýy, bilim derejesi, meşgullanýan işi hem-de girdeji çeşmesi diýen ýaly sosial-demografik häsiýete eýedir.

Hasaplaýjylaryň ýazuw depderçesinde ilatyň ýaşaýyş şertleri bilen bagly sowallar hem bardyr. Onda şeýle-de gurluş görnüşi, gurlan döwri, öýüň ýa-da jaýyň umumy meýdany, otaglaryň sany görkezilmelidir. Goşmaça hem ýaşaýyş jaýynyň hususy eýeçilik görnüşi, otaglarynyň sany, meýdany, jemagat hojalygy hyzmatlarynyň üpjünçiligi we internet toruna bolan mümkinçiligi dogrusynda maglumat bermeli. Mundan başga-da, ýazuwyň çäklerinde ýazgyda duranlygyna bagly bolmazdan öýde ýaşaýanlaryň sany hem-de olaryň maşgalabaşy bilen gatnaşygy görkezilmelidir.

Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň sanly tehnologiýalaryň ulaylmagy bilen geçirilýändigini bellemek gerek (degişli programma üpjünçilikleri bilen üpjün edilen planşetler). BMG-niň Ilat boýunça Gaznasynyň (ÝUNFPA) ýardam bermegi netijesinde Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti planşetler arkaly döwlet komitetiniň merkezi serwerinde ýerleşýän maglumatlar goruna awtomatik usulda maglumatlary iberýän kompýuterler, kuwwatly serwerler hem-de toplaýjy ýatlar bilen üpjün edildi. Olar maglumatlaryň anyk bolmagyna hem-de hil babatda ygtybarly bolmagyna ýardam eder.

Bellenilmeli ýeri, ilat ýazuwy goraglydyr. Toplanyp alnynýan maglumatlar diňe anyklaşdyrylmadyk, umumy görnüşde peýdalanylar.

Ýazuw kagyzlaryny doldurmaga 20-30 minutdan uzak wagt gitmeýär. Olary doldurmak üçin hasaplaýjylar adamyň şahsyýetini we ýaşaýan ýeriniň salgysyny görkezýän resminamalary talap etmeýärler. Maşgalanyň ähli agzalary üçin maşgalabaşynyň özi hem jogap berip biler.

Wideo serediň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar