Günorta Koreýanyň Seul şäherinde özboluşly garbanyşhana açyldy, onda her bir müşderi özüni goh-galmagally şäherden uzakda ýaly duýýar. Sebäbi her 15 minutdan bu ýerde çabga ýagýar diýip, «Oddity Central» neşirine salgylanýan «vfokuse.mail.ru» ýazýar.
Göräýmäge, hemişe ygal ýagýan çyg ýerde wagtyňy geçirmek o diýen ýakymly däl ýaly, emma «Rain Report Cafe» garbanyşhanasy internetde köpsanly oňyn seslenme aldy. Bina gara reňke boýalyp, bambuk agaçlary bilen gurşalandyr. Şonuň üçin haçanda çabga ýagyp başlanda, müşderiler göýä özlerini açyk tebigatda ýaly duýýarlar. Myhmanlar ezilmez ýaly, olara mugt saýawanlar we ýagyş geçirmeýän eşiklerdir rezin ädikleri berýärler.
Garbanyşhananyň açylanyna birnäçe aý geçdi, emma ol eýýäm Seulda iň meşhur ýerleriň birine öwrüldi. Käte onuň öňünde müşderileriň uzyn nobaty döreýär, adamlar bu ýerde çabganyň ýagşyny wideo düşürip, internetde ýerleşdirmek isleýärler.