Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag şäherinde seýsmiki etrapçalaşdyrma boýunça innowasion usul girizilýär, Türkmenistanyň birnäçe etraplarynda iň pes temperatura rekordlary goýuldy, Türkmenistanda bir palataly parlament dikeldirler we beýleki habarlar

11:1613.01.2023
0
42451

1. Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň ylmy barlaglarynyň hem-de berýän maglumatlarynyň esasynda Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Arkadag şäherinde seýsmiki etrapçalaşdyrma işleri geçirilýär. Munuň özi inžener-geologik maglumatlara laýyklykda ýerleşdirilen taksonomik birlikleriň çäklerine gabat gelýän dürli seýsmiki işjeňligi bolan zolaklary bellige almaga kömek eder.

2. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny – Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky teklibi öňe sürdi. Şeýle hem ol Türkmenistanda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan Milli Geňeşiň bir palatadan ybarat Türkmenistanyň Mejlisine öwrüljekdigini belledi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi bilen baglylykda Milli Geňeşiň işini bes etmek kararyna gelindi.

21-nji ýanwarda Türkmenistanda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki maslahaty geçiriler. Degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Milli Geňeşiň palatalarynyň bilelikdäki maslahatyna gatnaşmak üçin teklip edilýän jemgyýetçilik wekilleriniň sanawyny 16-njy ýanwara çenli tabşyrmak bellenildi.

3. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Özbegistan Respublikasynyň Innowasion ösüş ministrligi bilelikdäki başlangyç ylmy-barlag taslamalarynyň bäsleşigini yglan etdiler. Bäsleşik ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Maksatnamany durmuşa geçirmek maksady bilen guralýar.

4. 21-nji ýanwarda sagat 9:00-dan 12:00-a çenli aralykda Türkmenistanyň Adalat ministrliginde hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň kabul edişligi geçiriler. Kabul edişlik Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturanyň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň işgärleri we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalary tarapyndan guralar.

5. Türkmenistanyň tutuş çäginde adatdan daşary sowuk howa dowam edýär, emma birnäçe etraplarda iň pes temperatura rekordlary goýuldy. 12-nji ýanwar säheri Mary welaýatynyň Üçajy şäherçesinde -26,2° temperatura hasaba alyndy. Esenguluda temperatura -10,8° çenli düşdi. Türkmenabatda aýazly howa -22° çenli ýetdi, Sarahsda bolsa howanyň temperaturasy -17,9° çenli peseldi.

6. Geçen ýylda «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde orta asyrlara degişli kerwensaraýyň derwezesiniň golaýyndan ýüze golaý arheologik tapyndy ýüze çykaryldy. Tapylan toýun küýzeler we humlar, toýun suw geçirijileriniň galyndylary, arhitektura bezegleriniň terrakot bölekleri Daşmetjit medresesiniň gadymy binasynda ýerleşýän Halk senetçiliginiň muzeýine tabşyryldy.

7. Habar beriş ulgamynyň işinde dörän näsazlyklar sebäpli ABŞ-de 10 müňden gowrak içki we halkara howa gatnawlary togtadyldy we yza süýşürildi. Ýurduň raýat awiasiýasynyň Federal müdirligi näsazlyk boýunça barlag geçirdi we munuň kompýuter ulgamyndaky faýllaryň birine zeper ýetmegi sebäpli bolup bilendigi hakynda netijä geldi.

8. Täze Zelandiýanyň ýerli halkyndan bolan moari taýpasynyň wekilleri «Sotheby’s» söwda öýüniň wekillerinden satuwa çykarylan birnäçe tapyndylary yzyna gaýtarmagy talap etdiler. Täze Zelandiýanyň ýerli taýpalary ýewropalylar tarapyndan bu ýerleriň eýelenmegi bilen köp sanly talaňçylyklardan soňra we britan patyşalygy tarapyndan ýerleriň basylyp alynmagy netijesinde taýpalaryň göçmegi sebäpli olaryň ellerinde halk üçin wajyp gymmatlyklaryň örän az böleginiň galandygyny nygtaýarlar.

9. Gonkongyň «Kitçi» futbol topary türkmen ýarymgoragçy Ruslan Mingazow bilen şertnamanyň möhletiniň uzaldylýandygyny yglan etdi. Täze şertnamanyň möhleti 2025-nji ýyla çenli niýetlenendir. «Men «Kitçi» bilen täze şertnama baglanyşanyma örän şat, bu ýer maşgalamyza örän ýaraýar. Men gonkongda bary-ýogy ýarym ýyl geçirsem-de, alty-ýedi ýyl geçen ýaly. Gonkong barada mende köp sanly ýakymly ýatlamalar bar, geljek iki ýylda hem has uly üstünlikleri gazanaryn diýip umyt edýärin. Meselem, topar bilen çempionatda ýeňiji bolaryn» diýip, Gonkong toparynyň metbugat gullugy ýarymgoragçynyň sözlerini getirýär. Ýatlatsak, 31 ýaşly Mingazow «Kitçi» toparynyň düzümine 2022-nji ýylyň martynda geçdi. Ol 18 duşuşygyň dowamynda Gonkongyň futbol toparynyň köýnekçesi bilen 13 gol geçirdi we köp gezek toparyň iň gowy oýunçysy saýlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň