Turkmenportal logo
12.01.23
5084050840
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ABŞ-da howa uçuşlary köpçülikleýin ýatyrylýar
Surat: tvc.ru

ABŞ-nyň Federal awiasiýa edarasynyň ulgamynda işiň bozulmagy netijesinde awiauçuşlaryň köpçülikleýin ýatyrylmagy dowam edýär. Bu barada awiasazlaýjy öz sosial ulgamdaky sahypasynda habar berdi, edara habarnama ulgamynyň dikeldilmeginiň üstünde işlenilýändigini hem-de ulgamyň gaýtadan işe goýberiljekdigini habar berdi.


Şol bir wagtda NBC teleýaýlymy ynamly çeşmelere salgylanmak bilen, bolup geçen bozulmanyň ýurduň çägindäki ähli uçuşlara galtaşyp biljekdigini habar berdi.


Uçarlaryň hereketini yzarlaýjy portalyň ýazmagyna görä, häzirki wagtda içerki uçuşlaryň, şol sanda halkara uçuşlaryň 760-sy bilen bagly kynçylyklar ýüze çykdy.


Bu barada «Vesti.ru» ýazýar.