Soňky habarlar

Arhiw

21-nji ýanwarda Milli Geňeşiň palatalarynyň bilelikdäki maslahaty geçiriler

22:4411.01.2023
0
41447

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahatyny jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirmek hakyndaky» Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminamada:

— Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahatynyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirilmelidigi;

— welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň, ýerli wekilçilikli edaralaryň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň teklipleri esasynda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahatyna gatnaşmak üçin teklip edilýän jemgyýetçilik wekilleriniň sanawyny Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň garamagyna 2023-nji ýylyň 16-njy ýanwaryna çenli hödürlemelidigi;

— Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagyndaky bilelikdäki maslahatyna taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly işleri utgaşdyrmalydygy, şeýle-de bu işlerde welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermelidigi;

— Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurduň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisini geçirmek bilen bagly çykdajylaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda maliýeleşdirilmelidigi bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň