«Diskonyň tansçysy» atly meşhur hindi filminiň ýyldyzy Mithun Çakrabortiniň öňki aýaly, aktrisa Helena Lýuk aradan çykdy. Olaryň nikasy 1979-njy ýylda bary-ýogy dört aý dowam etdi. Aýrylyşanlaryndan soňra Çakraborti aýdymçy Kişor Kumaryň öňki aýaly, aktrisa Ýogita Balä öýlendi. Mithun bilen Ýogitanyň dört çagasy bar.
Helena Lýuk onlarça filmde surata düşdi. 80-nji ýyllaryň aýagynda kinony terk edip, ABŞ-a göçdi.
Aktrisanyň aradan çykandygy barada «The Tribune India» neşiri habar berdi diýip, «rg.ru» ýazýar.