Botswanada geçen saýlawlarda 54 ýaşly hukukçy Duma Boko ýeňiş gazandy hem-de kasam kabul edip, Respublikanyň Prezidenti wezipesine girişdi. Bu barada «Daily News» täzelikler portalyna salgylanýan TASS habar berdi.
Täze Prezident kasam kabul ediş dabarasyndan soňra milli teleýaýlymda çykyş edip, ýurduň ähli sebitleriniň ösüşine adalatly çemeleşjekdigini, ykdysadyýete hem-de gülleýän jemgyýeti döretmäge üns berjekdigini söz berdi.