Aşgabadyň golaýyndaky Köpetdag daglaryna ýylyň ilkinji gary ýagdy. Belent binalaryň penjirelerinden şäherliler ajaýyp landşaftlara — açyk gök asmanyň fonunda başy ak daglara tomaşa etmäge mümkinçilik aldylar.
23-nji oktýabrda türkmen senenamasyna görä, Akrap döwri başlady. Akrap 22-nji noýabra çenli dowam eder. Bu döwür bilen baglanşykly halk arasynda «Akrap geler sygyryp, ýel-ýagmyryn çagyryp» diýilýär.
Düýn, 25-nji oktýabrda Aşgabatda gije-gündiziň dowamynda howanyň temperaturasy +11... 13 derejede bolup, uzakly gün ýagyş ýagdy.
Geçen ýyl Aşgabadyň günortasyndaky daglarda ilkinji garyň 22-nji noýabrda ýagandygyny ýatladýarys.