Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy resmi saýtynda Türkiýäniň çäginde wagtlaýyn ýa-da hemişelik ýaşaýan türkmen raýatlarynyň biometrik pasportlarynyň möhletleriniň uzaldylmagy bilen bagly meseleler boýunça bildiriş ýerleşdirdi. Bildirişde şeýle beýan edilýär:
«Hormatly raýatlar!
Häzirki wagtda internet torlarynda (sosial mediýalarda) Türkiýe Respublikasynyň çäginde wagtlaýyn ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň biometrik pasportlarynyň möhletleriniň 2025-nji ýyla çenli uzaltmalaryň dowam edýändigi barada galp we nädogry maglumatlaryň ýaýradylýandygyna dykgatyňyzy çekýäris.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 9-njy maýyndaky «Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň hereket ediş möhletiniň uzaldylandygy barada bellikleri etmegiň Tertibi» hakynda Buýrugy esasynda, daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň COVID-19 bilen baglylykda uzaldylan hereket ediş möhletiniň diňe 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldylýandygy barada gaýtadan ýatladýarys!
Şeýle hem ýokarda agzalanlardan ugur alyp, daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň hereket ediş möhleti 2024-nji ýylyň 31-nji dekabrynda tamamlanýan ýagdaýynda, raýatlara biometrik pasportlaryny täzelemekleriniň zerurdygyny mälim edýäris.
Şol bir babatda, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň, içeri işler ministriniň we Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň 2020-nji ýylyň 5-nji iýunynda «Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnamany resmileşdirmegiň tertibi» hakynda çykaran bilelikdäki buýrugyna laýyklykda, daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň biometrik pasportlary ýitirilen, ogurlanan, möhleti geçen ýa-da ulanyşa ýaramly bolmadyk halatynda (çip döwülen), şeýle-de daşary ýurtlarda Türkmenistanyň raýatlaryndan dünýä inen çagalara diňe öz döwletine dolanyp barmak maksady bilen «Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnamanyň» resmileşdirilýändigini habar berýäris.