Top.Mail.Ru

Hemra Şirow: ýazyjy bilen suratkeşiň dostlugy

0
15818

Görnükli türkmen ýazyjysy, şahyr we dramaturg Hemra Şirow 70-den gowrak kitap ýazdy. Olaryň žanry hem-de göwrümi dürli-dürlüdir. Käbiri 600 sahypadan ybarat küti kitaplar, käbirisi bolsa bary-ýogy 16 sahypalyk çaklaňja kitaplar. Emma olaryň hemmesi-de örän gyzykly. Uly adamlaram, çagalaram ol kitaplary uly höwes bilen okaýar. Hemra Şirowyň hiç kimiňkä meňzemeýän edebi stili bar, eserleri juda gyzykly, degişmeli äheňlerden doly, ol elmydama edebi täzelikleriň gözleginde.

Özüniň önjeýli döredijilik durmuşynda ol 300-den gowrak hekaýa, 3 roman, 14 powest, birnäçe şygyr we poemalar kitaplaryny ýazdy. Bularyň hemmesi uly ýaşly okyjylar üçin niýetlenendir. Emma şol bir wagtyň özünde ol çagalar ýazyjysy hökmünde hem meşhurdyr. Çagalar üçinem ol ençeme goşgylary, poemalary, hekaýalarydyr ertekileri, 12 sany powest we birnäçe drama eserlerini ýazdy. Hemra Şirow şekil görnüşli goşgulary döretmek bilen hem yzygiderli meşgullanýar. 

Hemra Şirowyň kitaplaryny Ş.Akmyradow, A.Orazow, T.Kadyrow, T.Ordynskaýa, W.Moiseýenko, W.Seýitmädow, G.Orazmyradow ýaly dürli ussat suratkeşler bezäpdirler.

Emma onuň kitaplaryny bezän suratkeşleriň arasyndan aýratyn biri hakda size has giňişleýin gürrüň beresimiz gelýär. Ol  Timur Soltanmyradow — Türkmenistanyň meşhur kitap grafikaçysy. Öz ýiti öwüşginli, şadyýan äheňli suratlary bilen ol H.Şirowyň 22 kitabyny bezedi: «Saýlanan eserler», «Maýmyna öwrülen oglanjyk», «Daljygan at», «Jadygöýüň ýolkasy», «Pul toplaýan pişik», «Söýgä sygyn», «Edebi tilsimler», «Janly öý», «Güjügiň düýşi», «Çigit satýan pişijek», «Tilkiniň dükany», «Samsyk jojuk», «Döwli erteki», «Aýy dostlugy», «100 hekaýa», «Dogduk depe», «Günebakar», «Uçýan haly», «Hüwiniň hekaýatlary», «Ýaňyltmaçlar», «Tapmaçalar», «Itleriň durmuşy».

Şeýle bilelikdäki netijeli hyzmatdaşlygy olaryň döredijilik stilleriniň örän ýakyndygy — şadyýanlyga ýugrulandygy, adatdan daşary, kä halatlarda bolsa hatda absurd, abstrakt häsiýetlidigi bilen düşündirip bolar.

Timur Soltanmyradow bezeg işlerinde eseriň manysyny gönümel gaýtalamaýar, eýsem ony özüçe ösdürip, awtoryň pikirine täze öwüşginleri çaýýar – diýip, Hemra Şirow minnetdarlyk bilen belleýär.

Eserleriň şunuň ýaly bezelişi okyjylara örän ýaraýar. Şonuň üçin-de H.Şirowyň kitaplarynyň bezegini neşir edijiler elmydama Timur Soltanmyradowa ynanypdyrlar.

Şeýlelikde, olaryň hyzmatdaşlygy döredijilik dostlugyna, soňlugy bilen hakyky özara dostluga öwrülýär.

Timur Soltanmyradow şahyryň 1992-nji ýylda «Magaryf» neşirýatynda çap edilen görnamly şygyr kitaby bolan «Saýlanan eserleri» üçin H.Şirowyň ajaýyp akwarel portretini döredýär.

Şahyryň 384 sahypalyk bu göwrümli kitaby üçin T.Soltanmyradow uly suratlaryň 160 sanysyny, şeýle hem daşky sahabyň bezegini, forzasy we ençeme ajaýyp çaklaňja nagyşlary taýýarlaýar. Bu berekella mynasyp ägirt uly zähmet. H.Şirowyň beýleki kitaplaryny bezände-de suratkeş tüýs ýürekden işledi, ýazyjynyň eserleriniň örän gyzyklydygyny, onuň kitaplaryny bezemegiň özüne diýseň lezzet berendigini T.Soltanmyradow belleýär.

Hemra Şirowyň 1990-njy ýylda «Magaryf» neşirýatynda neşir edilen «Maýmyna öwrülen oglanjyk» kitaby üçin bolsa suratkeş dostluk şaržyny döredýär, bu degişme suratda, ol, şahyry poeziýa pejinde tagamly poemalary, goşgulary we ertekileri taýýarlaýan aşpez görnüşde şekillendirýär.

Şeýle hem Timur Soltanmuradow Hemra Şirowyň 1997-nji ýylda «Türkmenistan» neşirýatynda çap bolan «Edebi tilsimler» atly kitabynyň bezeg işlerini ýerine ýetirýär. Bu kitap özboluşly goşgy grafikasy ýa-da şekilli şygyrlar kitabydyr. Suratkeş bu kitap üçin çaklaňja, emma örän täsin şekili döredýär, onda bir kitap beýleki kitaba elini uzadyp, oňa ýokaryk çykmaga goltgy berýär. Bu bezeg adaty bolmadyk şygyrlaryň ruhuna hem stiline örän laýyk gelýär.

Biz ýurdumyzyň görnükli ýazyjysyna we ajaýyp suratkeşe olaryň berk döredijilikli dostlugynyň mundan beýläk hem önjeýli bolmagyny arzuw edýäris.

 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar