Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň iň uzak ýaşly ýaşaýjysy

0
31261

Mihail Haçaturow Aşgabat şäheriniň iň uzak ýaşly ýaşaýjysy. Ol şu ýylyň dekabr aýynda 103 ýaşaýar.

Ol 1918-nji ýylda häzirki Serdar şäherinde eneden doglupdyr. Maşgalasy 1940-njy ýylda Aşgabada göçüp gelýär. Ondan öň Duşakda hem biraz wagt ýaşapdyrlar. 1934 — 1940-njy ýyllar aralygynda ol Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde okap, inžener-mehanik hünärini ele alypdyr.

Mihail Mihaýlowiç Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagy bilen, 1942-nji ýylda fronta gidýär. Ukrainanyň Harkow şäherinde syýasy işgärleriň3 aýlyk taýýarlyk okuwyny geçensoň, I Ukraina frontunyň 5-nji gwardiýa goşunynda gulluk edýär. Söweş ýollaryny I, II Ukrain frontlarynda geçen Mihail Haçaturow Ukrainany, Polşany faşistlerden azat etmek ugrundaky aldym-berdimli söweşlere gatnaşýar.

Ol söweşjeň orden-medallaryň ençemesiniň eýesi. Onuň döşüni «Gyzyl Ýyldyz», «Watançylyk urşy» ordenleriniň II derejelisi, söweşlerde görkezen edermenligi üçin medallar bezeýär.

Ýewropa ýurtlaryny faşistlerden azat edip ýörkä, ol özüniň bagt ýyldyzyna duşýar. Çeh gyzyna bolan söýgüsi soňra olaryň durmuş gurmaklaryna, onuň çeh dilini öwrenmegine getirýär. Urşy Awstriýada tamamlap, ol gelnini hem alyp, Aşgabada sag-aman dolanyp gelýär.

 Mihail Haçaturowyň zähmet ýoly paýtagtymyzdaky şol wagtky gidromelioratiw tehnikum bilen berk baglanyşykly. Garagum derýasynyň Aşgabada gelmegi onuň durmuşynda hem yz goýan taryhy wakalaryň birine öwrülipdi. Ol öz talyplary bilen Garagum derýasyna tejribelik geçmäge ýygy-ýygydan barýar. Şol ýyllarda çeken yhlasly zähmeti, Garagum derýasynda işlejek hünärmenleri taýýarlamakda goşan mynasyp goşandy üçin Mihail Haçaturow «Gyzyl Baýdak» ordeni bilen sylaglanýar. Onuň manyly ömri mugallymçylyk käri bilen aýrylmaz baglanyşykly. Mihail aga öz durmuşy barada «Türkmenistan» gazetiniň habarçysyna beren gürrüňlerinde şeýle belleýär:

— Şu ýyl paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň toýy dabaraly bellenilýär. Meniň ömrüm, ykbalym paýtagt şäherimiz bilen aýrylmaz baglanyşykly. 1948-nji ýylyň aýylganç ýer titremesini hem gördük. Şol elhenç tebigy hadysa şäheriň ilatyna agyr pajygalary getirdi. Ol günleri ýatlamak iňňän agyr düşýär... Goý, şeýle pajyga hiç wagt gaýtalanmasyn!

Menden, köplenç, uzak ýaşamagyň syry hakynda soraýarlar. Durmuş gowy bolanda, söýgüli käriň eýesi bolsaň, bu zatlaryň ömrüň uzalmagyna täsiri uly bolýan borly. Onsoň nesil bilen hem baglanyşykly bolsa gerek. Meniň daýzam 100 ýaşady. Garry atam, garry enem dagy hem ýüze golaý ýaşadylar. Nesip bolsa, şu ýylyň dekabr aýynda menem 103 ýaşamaly. Goý, Gahryman Prezidentimiziň saýasynda Watanymyz hemişe güllesin, gül açsyn!

Ýaşlar guramasynyň bäşleşigine

Peýdalanylan edebiýat:

«Türkmenistan» gazeti. (14.05.2021).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar