Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Biperwaý garamaýan adamlar: Habarçylara raýdaşlyk etmegiň halkara gününi belleýäris

0
79424

1943-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda faşistler tarapyndan öldürilen Çehiýaly habarçy Ýulius Fuçika bagyşlanan bu baýram, 1958-nji ýylda Buharestde Habarçylaryň (Žurnalsitleriň) Halkara Guramasynyň IV kongresinde döredildi. Bu günde dünýäniň ähli habarçylary özleriniň jebisliligini we parahatçylyga bolan ygrarlylygyny, şeýle-de adalat we ynsanperwerlik ýörelgelerini berjaý edýändiklerini bütindünýä görkezýärler. 

Ýulius Fuçik

Ol günde bütindünýäde ýygnaklar we konferensiýalar geçirilip, olarda öz hünär  borjuny halallyk bilen ýerine ýetiren we habarçylyk işine öz goşandyny goşan habarçylary ýatlamak adata öwrüldi. 

Türkmen žurnalistikasy – bu ajaýyp pikirli habarçylardan ybarat bolan döredijilik topary bolup, ol topar tejribeli döredijilik adamlaryny haýrana goýýar. Şeýle-de bu topar ýaş habarçylara dürli mowzukdaky tabşyryklary oýlap düzmäge we ýerine ýetirmäge, adaty däl usulda ýazmaklygyň ussatlygyny elde etmäge, habarçylaryň dilinde aýdanymyzda bolsa, “süýji” habarlary we makalalary ýazmaklyga nusga bolup durýar.  

Bu gün bolsa, öz döredijiligi bilen türkmen žurnalistikasynda öçmejek yz goýan habarçylarymyzy ýatlamagy makul bildik. 

“Нейтральный Туркменистан” gazetine ýolbaşçylyk eden ajaýyp habarçy Balkan Gafurow. Işdeşleri barada edýän aladasy üçin oňa redaksiýada “iň ynsanperwer adam” diýýär ekenler. 

“Комсомолец Туркменистана” gazetiniň agzybir işgärleri bolsa, Serdar Nepesowyň ýolbaşçylyk etmeginde zähmet çekdiler. Soňra ol ömrüniň ahyryna çenli A.S.Puşkin adyndaky rus drama teatryna ýolbaşçylyk etdi. 

Akmyrat Mämmedow birnäçe ýylyň dowamynda öňki “Türkmeninform” häzirki wagtda bolsa Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine ýolbaşçylyk edipdir. Öz işine ussat habarçy mundan başga-da täze habarçylaryň ýetişdirilýän ýeri bolan Türkmenistanyň habarçylar bileleşiginde jogapkär kätip wezipesini hem ýerine ýetiripdir. Onuň görkezmesi esasynda ýokary okuw jaýyny tamamlan täze habarçylaryň ençemesi ýurduň döredijilik toparynyň agzalygyna goşuldylar. 

“Türkmeninformda” başga-da birnäçe zehinli döredijilik işgärleri zähmet çekdiler. Olaryň arasynda türkmen Mauglisy barada gürrüň beren Aleksandra Tyçinskaýa, döredijiligi edebi pikirlenmeleriň we žurnalistiki gözlegleriň bosagasynda bolan Wladimir Zarembo dagylar bar. Bulardan başga-da şol ýyllarda öz işiniň ussady bolan foto habarçy Ýuriý Şkurin hem zähmet çekdi. Onuň agentligiň tabşyryklary esasynda ýerine ýetiren işleri birnäçe gezek SSSR-ň köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň düşüren suratlarynyň arasynda iň gowusy diýip bellenildi. 

Ýuriý Şkurin

Şeýle-de “Совет Туркменистан” häzirki wagtda bolsa “Türkmenistan” gazetiniň çalşylmaz redaktory hormatlanýan Begenç Kerimini, “Нейтральный Туркменистан” gazetine aýry ýyllarda ýolbaşçylyk eden ajaýyp ynsan başgaça aýdanymyzda “žurnalistika menejeri” Wiktor Mihaýlowy, görnükli habarçy  we jemgyýetçilik işgäri Wiktor Zaýsewi ýatlaman geçmek bolmaz. 

Türkmen žurnalistikasynyň ösmegi ugrunda zähmetini gaýgyrmadyk adamlary sanasaň sanabermeli. Olaryň ýerine milli žurnalistika öz goşandyny goşmak isleýän gujurly ýaş nesil ýetişip gelýär. 

Häzirki wagtda Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tiz depginde özgerýär. "Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri barada" kabul edilen kanun milli metbugatyň günsaýyn kämilleşmegine badalga berýän birnäçe düzgünleri öz içine alýar. 

Soňky ýyllarda köp sanly elektron neşir döredilip,olaryň köpüsi Türkmenistanda bolup geçýän üýtgeşmeler barada maglumatlary dessine elýeter usulda okyjylara ýetirýärler. 

“Türkmenportal” redaksiýasy ýurdumyzyň ähli habarçylaryny olaryň hünär baýramlary bilen tüýs ýürekden gutlaýar! 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar