Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hemra Şirowyň adaty bolmadyk täsin goşgulary

0
26329

Şekilli şygyrlaryň ýa-da manyly görnüşli goşgylaryň edebiýat çygrynda belli bir öwüt-ündew we çeperçilik wezipesini ýerine ýetirmek ähmiýeti babatda dürli we jedelli garaýyşlaryň bardygyna garamazdan, ýurdumyzyň tanymal ýazyjysy, şahyry we dramaturgy Hemra Şirowyň döredijiligi munuň juda beýle däldigini aňry ýany bilen subut edýär.

Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ortalarynda bu özboluşly edebi žanr bilen gyzyklanyp ugran Hemra Şirow türkmen poeziýasynda şekilli şygryýetiň esaslandyryjysy boldy diýsek ýalňyşmarys. Ol ony işjeň ösdürdi, şygryýet äleminiň bu ugruny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy.

Bu žanryň adaty bolmadyk tebigaty many taýdan şekile düzülýän şygyrdaky ýa-da, onuň başgaça atlandyrylyşy ýaly, belli bir görnüşe eýe bolýan goşgydaky sözleriň görnüşi bilen goşgunyň düýp mazmunyny beýan edýän şekili emele getirmegidir.

Hemra Şirowyň şekilli goşgulary onuň ýagşylyk, hoşniýetlilik, adalatlylyk babatdaky berk ýörelgelerine, gowulyga, ýeňşiň hemişe döredijilik başlangyjyna daýanýandygyna bolan ynamyna esaslanýar.

Käbir goşgularyň mysallaryna ýüzlenmek bilen, geliň Hemra Şirowyň şekilli goşgular dünýäsine gysgaça syýahat edip göreliň.

Onuň “Säher” atly goşgusynda biz diňe şygyryň sözlerini okamak bilen çäklenmän, eýsem sözlerden düzülen şekilleriň üsti bilen gözýetimden günüň dogup barýandygyny hem görýäris.

Her säher ýalbyrap doganynda gün,

Çar tarap ýagtylyp, umma gaçýar tün.

Bu goşgynyň setirleri dogup barýan günüň ýalkym saçýan şöhleleriniň şekilini döretmek üçin düzülip, ol awtoryň ýagtylygyň garaňkylygy ýeňýändigine bolan ynamyny aňladýar. Bu bolsa şahyryň täze güne başlamak bilen, adamlaryň ýagşy işleri amal etmäge mümkinçiligine bolan umydyny görkezýär. 

Ynha, “Gum sagady” goşgusynyň içinden şahryň pelsepeli oý-pikirleri eriş-argaç bolup geçýär.

Wagtyň gadyryny bilmegi,

juda tygşytly bolmagy

duýduryp, akyp dursun.

Şygyr setirinde gum sagadynyň şekili emele getirilip, ýönekeý, emma şol bir wagtyň özünde hem netije çykarmaklyga düşünmek üçin kyn bolan pelsepeli pikir öňe sürülýär: wagt gaýdyp gelmesiz ebedilik geçip barýar, adam ömri bolsa — asla çäksiz däl. Durmuşda ýagşy, degerli bir zady etmäge wagt tapmak üçin ömrümiziň her sekundyny ulanmagy başarmaly. Köplenç halatlarda bolsa bir zatlary etmek, haýsydyr bir kynçylygy öz gerdenimizde çekip görmek, bir zatlary öwrenmek, bilýänlerimizi bolsa başga adamlara öwretmek köpümize asla ýakmaýar. “Entek ähli görjegimiz öňümizde-le, şindi wagt bar, ýetişeris... Ynha, internet sahypalaryny agdaryşdyryp, gözden geçireliň, şondan soň başlarys...” — diýip, biz hemişe içimizden özüme söz berýäris. Emma şahyr bu hakda bizi ýagşy oýlanmaklyga çagyrýar: çünki gum sagady — wagtyň çalt akýan derýa kimin derrew geçýändigini aňladýan nyşandygyny nygtamak bilen, ol niýet eden işini entek başlamadyklar, ýa-da başlan işlerini taşlap, tamamlamadyklar üçin munuň aýdyň mysaldygyny görkezmek isleýär. Ynsan ogly bu dünýä baky gelmeýär, ýöne onuň ýagşy amallary ölmez-ýitmez bolup biler. Esasy zat, durmuşyňda nähilidir bir görnüp duran zatlary döredip, yz galdyrmak üçin wagt tapmakdyr.

Hemra Şirowyň şekilli şygyrlary belli bir okyjylar üçin niýetlenen däl, ýok. Şahyryň goşgulary kiçijik raýat bolsun ýa-da uly adam — hemmeler üçindir, çünki olar islendik okyjynyň duýgularyna we umyt-arzuwlaryna täsir edýändirler. Awtor görnüşli goşgusyny gürrüňdeş bolmagyň araçy bolmazdan gönümel usuly hökmünde ulanýar.

Ynha, mysal üçin, “Ýeňiş güni” atly goşgusynda gyzyl myhak güli şekillendirilýär, ýöne has dykgat berip seredeňde, onda asuda asmanda atylan baýramçylyk feýerwerklerini hem görüp bolýar.

Biz her ýyl Ýeňiş güni Beýik watançylyk urşunda wepat bolanlaryň hatyrasyna dikeldilen ýadygärliklere ter gül desselerini goýýarys.

Gurban bolan gerçekleriň guburyna goýyas güli, rahat ýatyň!

Gutly bolsun ýeňiş güni! ýeňiş güni! ýeňiş güni!...

Biz gül ýapraklary bilen çagalykdan hemmelere ýakyn bolan Ýeňiş güni sözleriniň dik asmana göterilip gidýändigini görýäris. Goşgyny çagalar bilen okasaň has hem gowy, olar şekildäki sözleri bir setire “ýygnaýançalar”, çagalygymyzda bolup geçen görnüşler biziň göz öňümizde janlanýar. Şol gün — 9-njy maýda biz elmydama ene-atalarymyz bilen ýadygärlige bile giderdik — özem hemişe elimize gül alyp giderdik. Ejem şol gün uruşda uç-dereksiz ýiten daýylaryny ýada salyp, gözlerinden ýaş dökerdi. Uruş weteranlary gam-hasratly başlaryny aşak egip, Baky oduň başynda durardylar. Biz ýyllar aýlanyp, şol ganym uruşdan daşlaşdygymyzça, olaryň sanynyň gitdigiçe azalyp barýandygyny görýäris, ýöne bu biziň hakydamyza asla birjikde täsir etmeýär... Bu goşgy Ýeňiş gününde biziň aňymyzda saklanyp galan hut şu mukaddes günüň iň ýagty pursatlaryna — biziň bu baýram hakdaky baky hakydamyza bagyşlanýar.

Hemra Şirowyň şekilli şygryýetiniň ýene-de bir ajaýyp mysaly — “Kimdir biri...” atly görnüşli goşgysydyr. Ol bir şahasy döwlen agajyň görnüşinde döredilipdir.

Sözler bagyň her şahasy boýunça uzalyp gidýär, goşgynyň mazmuny bolsa aşakdaky ýaly:

Kimdir biri nahal ekdi,

Kimdir biri öwüp gitdi.

Kimdir biri görüp durka,

Kimdir biri döwüp gitdi...

Şahalary ýaşyl öwsüp, başbitin ösüp oturan agajyň şekili sazlaşykly hem gelşikli görünýär, döwlen şahaly bag bolsa — nogsanly görünýär... Awtor bu durmuşda gabat gelýän ahwalaty gysgajyk jümle bilen beýan edýär: her bir agaç ekýän adama ony döwýän “kimdir birem” tapylýar. Näme etmeli? Bu çykalgasyz aýlawmyka? Megerem, bu goşgynyň üsti bilen şahyr okyjyny onuň bilen razylaşmaga we “agaç ekýänleriň” tarapdary bolmaga, şeýle hem olary höweslendirýänleri we bu işe ruhlandyrýanlary goldamaklyga çagyrýar. Bag döwýänlere we muňa biperwaý garaýanlara bolsa awtor pugta oýlanmaklyga çagyrýar...

Şekilli goşgy diňe bir göräýmäge ýönekeý ýaly bolup görünýär. Emma siňe oýlanyşykly seredeňde ol beýle bir ýönekeý hem däl — şekilli şygyr täsir ediş, pelsepe we ýiti soraglar boýunça mazmun taýdan uly güýje eýe bolup durýar.

Ajaýyp söz ussady bolan tanymal şahyrymyz Hemra Şirow, durmuşymyzda duş gelýän käbir meseleleri açyp görkezmek üçin şygryýetiň şekilli sözleýiş guralyny örän başarnykly ulanýar we okyjyny oýlanmaga, pikirlenip netije çykarmaga we çogly güneşiň astyndaky bu durmuşda her kimiň öz ýoluny tapmaklyga çagyrýar.

H. Şirowyň görnüşli goşgulary “Türkmen dili” gazetiniň 2011-nji ýyldaky sanlarynda (2-nji martda, 30-njy martda, 27-nji aprelde) we 2008-nji ýylyň 18-nji dekabrynda “Nesil” gazetinde çap edildi.

Awtory: Maral Hydyrowa,

žurnalist, halkara edebiýat bäsleşikleriniň laureaty

(Rus dilinden terjime eden: ýokary derejeli terjimeçi Annamuhammet Akmedow).

Şeýle hem okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar