Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hut şol Hemra Şirow diýýänleri

1
26069

«Hany ýylgyryň, jenaplar, ýylgyryň!»

«Hut şol Mýunhauzen diýýänleri» çeper filminden

                                                 

Çagalara niýetlenen “Jeňňel ýodasy” we “Guş hiňňildigi” atly ajaýyp kitaplaryň çap edileninden bäri kyrk ýyldan gowrak wagt geçipdir. Şondan bäri olaryň awtory, meşhur türkmen ýazyjysy, şahyr, dramaturg, Hajy Ysmaýylow baýragynyň eýesi Hemra Şirow özüni häzirki zaman türkmen edebiýatynyň iň parlak we gyzykly ýazyjylarynyň biri hökmünde görkezmegi başardy. Häzirki güne çenli onuň eserleri rus, pars, türk, tatar, owgan, ýapon, nemes, eston dillerine terjime edildi. H. Şirowyň kitaplary dünýäniň köp ýurtlarynda neşir edildi.

1997-nji ýylda Ýusup Gojuk tarapyndan pars diline terjime edilen we Nilofar Mirmohammadiniň ajaýyp suratlary bilen bezelen “Çagalaryň täsin dünýäsi” atly, türkmen şahyrynyň goşgular ýygyndyly kitaby Eýranda neşir edildi. Şeýlelikde, şahyryň şol goşgular ýygyndysy 1997-nji ýylda neşir edilen terjime edebiýatyň satuw reýtinginde birinji ýeri eýeläpdi.

“Çagalaryň täsin dünýäsi”. Pars diline terjime eden Ýusup Gojuk.

Surat bezeglerini  ýerine ýetiren  Nilofar Mirmohammadi

Hemra Şirowyň ýiti galamyna şeýle-de ençeme pýesalar degişlidir. Olar paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýat teatrlarynyň sahnalarynda üstünlikli sahnalaşdyryldy. Olaryň arasynda aýdym-sazly we taryhy dramalar bar, çagalar üçin ertekiler bolsa indi ençeme ýyllaryň dowamynda ýaş neslimiziň söýgüli tomaşalaryna öwrüldi.

Megerem köpleriň habary hem ýokdur, Hemra Şirowyň terjimesiniň üsti bilen türkmen okyjylary daşary ýurt ýazyjylary Daniýil Harmsyň, Eduard Uspenskiýniň, Tim Sobakiniň, Ýazep Osmanisiň, Andreý Usaçýowyň eserleriniň gahrymanlary bilen ilkinji gezek ene dilinde tanyşdylar. Ýazyjynyň terjimeçilik yhlasynyň netijesinde meşhur gahryman Robin Gud türkmen dilinde söz açdy.

Dürli edebiýat žanrlarynda işlemek bilen, şahyr elmydama döwür bilen deň gadam urmaga, öz döredijiliginiň ylhamyny giňeltmek üçin täze ugurlary gözlemäge çalyşýar. Şonuň üçin hem onuň döredijiliginde şekilli goşgular žanrynda döredilen köp eseriniň bardygy geň däldir. Galyberse-de, Hemra Şirowyň şu şygryýet žanrynda goşgy ýazýan ýeke-täk türkmen şahyrydygyny hem aýdyp bileris. Mysal üçin, ejesiniň dokap, satmak isleýän halysynyň kiçijik oglanjygyň göz öňüne getirişini haçandyr bir mahal görüpmidiňiz? Ine, şahyryň şekilli goşgusynda welin ony görüp bilersiňiz: halynyň gölleriniň ýerine oglanjyk kökedir datly kemputlary, şokoladlary göz öňüne getirýär.

Ynha, bu bolsa şahyryň “Horaz süýji” atly şekilli goşgysy. Göräýmäge şadyýan ýaly görünýän bu kiçijik şygyryň üsti bilen awtor çagalyk wagtyna her bir adamyň durmuşynda bolup geçýän döwür hökmünde garaýşyny beýan edýär: çagalyk döwrüniň şatlyklary ýatdan çykarylmaly däldir, çünki bu hakyky bagt bolup durýar. Ol adamyň ýaşynyň goýalmagy bilen maddy eşretdir baýlyga kowalaşmak bilen çalşylmaly däldir.

Horaz süýji

Oglanjyk döwrümiň horaz süýjüsi,

Men seni şeýle bir gowy görýärin.

Henizlerem duşan ýerimde alyp,

Utanman günuzyn sorup ýörýärin.

Siz, elbetde, razylaşarsyňyz, köp adam ulalýar we özleriniň çaga bolandygyny unudýar. Hamala olar — elindäki portfeli bilen şeýle doglan ýaly — olar özlerini şeýle bir agras alyp barýarlar welin, olaryň bu bolşy şol adamlaryň ýüreklerindäki çagalyk ýatlamalaryny düýbi-teýkary bilen gysyp çykarana meňzeýär. Olaryň  özboluşly pikirlerine görä, belentlige alyp barýan basgançak arkaly ýokary çykmak bilen, çagalyk döwrüne tekepbirlik bilen seredýärler. Çagalygyň sada, nurana dünýäsi aşakda bir ýerde galdy. Şonuň üçin eýýäm geçip giden çagalyk barada pikir etmek gerekmi eýsem? Çünki ýene biraz ýokary çykaýmak galaýýar, ýöne şol ýerde bagt garaşýarmyka? Olar hysyrdyly durmuşyň bagtyna kowalaşýarlar we geljek üçin ýaşaýarlar, şunda olar häzirki gününiň nähili geçýänini bilmeýärler, geçmişini bolsa asla ýada salmaýarlar. Dünýä olar üçin köpden bäri bar reňk öwüşginlerini ýitirendir, bu olaryň agyzlaryndan çykýan endik bolan ülňi jümleler ýaly, batnyksyz gara-ak reňke öwrülip gitdi.

 “Siz özüňizde bolan çagalyk döwrüňizi söýüň. Iň bolmanda siziň bir mahal ýadyňyzdan çykan şol çaganyň näme isleýändigini bir ýada saljak bolyň” — diýip, Hemra aganyň kitaplarynyň sahypalaryndan hemmelere ýüzlenýändigini aňyp bolýar. Sebäbi onuň özi ýagşylyk we adalat diýlen belent çaga ideallaryna berlen adamlaryň hataryna degişlidir. Ol özüni garagol çaga ýaly: şadyýan, batyrgaý we bagtly duýmagyny hiç mahalam bes etmeýär; şahyr fantaziýa - hyýalbentlik diýilýän planetada iň üýtgeşik hem täsin künjekleri açmakdan ýadamaýar. Ol kiçijik hem bolsa gündelik açyşlar bilen doly bolan özüniň çagalyk döwri hakdaky ýatlamalaryny häzire çenli unutmaýar. Ähli zat onuň ýadynda — ýagyş damjalarynyň ellerine nädip düşendigi, ejesiniň ellikleriniň mährem ýylysy we ilkinji ýasan gar adamy. Ol täzelik getirmekden asla çekinmeýär: arassa howadan birje gezek dem almak üçin uzak ýol geçmäge taýyn, döredijilikden alýan şatlyk duýgusy, onuň üçin ýönekeý bir metafora däl.

Awtoportret

Wagt guşunyň ganatyndan gaçyp galan ýelek men.

Dünýä gelip, haýyr işler edendirin elbetde,

Ýöne bilýän, köp işleri edendirin telek men...

Hemra Şirow 1950-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Beşir obasynda dünýä inýär. Ejesiniň sözlerine görä, onuň doglan gününde gar ýagypdyr, dogrusy ol derrew eräpdir. Göz öňüne getirip görüň — sentýabryň başynda gar ýagýar?! Zehinli ýazyjylaryň dünýä inişi ýaly, şunuň ýaly ahwalat hem juda seýrek bolup geçýär. Şol gün şahyryň kakasynyň işi depesinden agdyk bolupdyr we oglunyň doglanyny uzak obada ýerleşýän oba geňeşinde hasaba aldyrmak üçin eli degmändir. Şonuň üçin çaga 2-nji sentýabrda hasaba alnypdyr. Onuň kakasy Halk magaryfynyň otliçnigi Şir Weliýew oba mekdebinde taryh mugallymy bolupdyr. 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik watançylyk urşuna başdan-aýak gatnaşýar, hatda gündogar frontda alnyp barlan söweşlere hem gatnaşýar. Ol ençeme medallar we ordenler bilen sylaglanýar we kapitan çininde sag-aman öýüne gaýdyp gelýär. Häsiýeti boýunça şahyryň kakasy gaty sada adam bolupdyr, ol sylaglaryny döşüne dakyp, hiç wagt magtanan adam däldi. 1986-njy ýylda, diňe kakasy aradan çykansoň, Hemra aga onuň sylaglaryny ömründe ilkinji gezek görýär.

“Men haýran galmakdan ýaňa ýeke agyz söz aýdyp bilmändim: kakamyň şeýle köp sylaga mynasyp bolandygyny pikir hem etmändim” — diýip, Hemra aga ýatlaýar.

Hemra çagalykdan kitaplar bilen gurşalypdyr. Okamak onuň iň halaýan işleriniň biri bolupdyr. Ol çagalyk döwründen başlap döredijilige ýykgyn edensoň, onuň goşgy ýazmaga başlandygyna hiç kim o diýen geň hem galmandy. Onuň ilkinji eserleri şol wagtky çagalar we ýaşlar neşirleri bolan “Mydam taýýar” we “Pioner” žurnalynda çap edilýär. Şol döwürde Hemra dördünji synpda okaýardy. Mekdep mugallymlary şeýle zehinli okuwçysynyň bardygyna buýsanýardy we goşgy ýazmak islegini dürli ýollar bilen goldaýardylar. Ýaş Hemranyň çap edilen goşgulary şol döwürde Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň Lebap welaýat bölüminde geňeşçi bolup işlän şahyr we ýazyjy, onuň ildeşi Juma Ilmyradowyň ünsüni özüne çekýär. Juma Ilmyradow zehinli ýetginjek bilen tanyşmak üçin Hemranyň okan mekdebine barýar. Tanymal şahyryň bu sapary Hemra Şirowyň geljekki döredijilik durmuşyna örän netijeli täsir edýär. Galyberse-de, altynjy synpdan başlap, her ýyl Aşgabatda ýaş ýazyjylar üçin geçirilýän respublikan seminara hemişe çagyrylyp ugraýar. Şol ýerde geljekki şahyr Berdi Kerbabaýew, Aman Kekilow, Allaberdi Haýydow, Ýagmyr Pirgulyýew, Mämmet Seýidow, Kakaly Berdiýew ýaly ýurdumyzyň meşhur ýazyjylary hem şahyrlary bilen tanyşýar. Ine şunuň ýaly ykbalyň sowgady bilen ýaş şahyryň kem-kemden türkmen edebiýatynyň belentligine tarap ýazyjylyk ýoly başlanýar: şunda onuň döretmek islegine bir minut hem dyngy bermändigi bellärliklidir.

Özi üçin geljeginiň kämillik hünärini saýlamagyň wagty gelende, Hemra ikirjiňlenmän, Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen dili we edebiýaty fakultetini saýlaýar. Bu ýerde ol ajaýyp dilçi-alymlar Jumamyrat Amansaryýewden we Mämmetnazar Hydyrowdan, leksikolog Gumman Saryýewden, edebiýatşynaslar Mäti Kösäýewden, Baýmuhammet Garryýewden we şahyr Halyl Kulyýewden bilim almak bilen, şahyrlyk zehinini kämilleşdirmegini dowam etdirýär. 1972-nji ýylda uniwersiteti tamamlandan soň, ol leýtenant derejesi bilen goşun gullugyna gidýär. Oňa uzak ülke bolan — Kamçatka ýarym adasynda gulluk etmek paýy miýesser edýär. Ýarym adadaky durmuş ony şeýle bir özüne çekýär welin, “Günüň dogýan ýerine syýahat” we “Wulkanlar ülkesinde” atly goşgular ýygyndysyny şahyr Kamçatkanyň täsin hem gözel tebigatyna bagyşlaýar.

Goşun gullugyndan gaýdyp gelensoň, ol gazetde habarçy bolup işleýär, Žurnalistler birleşiginiň agzasy bolýar, 1978-nji ýylda bolsa “Jeňňel ýodasy” atly ilkinji çagalar goşgular kitaby onuň ýaş okyjylaryna gowuşýar. Hemra Şirow şol döwürde Moskwada we Sowet Soýuzynyň beýleki şäherlerinde guralýan ýaş ýazyjylaryň we dramaturglaryň Bütinsoýuz maslahatlaryna we seminarlaryna gatnaşýar. Şol saparlarynda ol atlary bütin dünýä belli bolan şahyrlar Sergeý Mihalkow we Agnia Barto, dramaturg we ýazyjylar: Eduard Şim, Wladimir Arro, Aleksandr Steýn bilen tanyşýar.

Edebiýat seminarlarynda ol Ýegor Isaýew, Igor Lýapin, Ýewgeniý Ýeliseýew ýaly meşhur şahyrlaryň nazaryna düşýär. Olar Hemra Şirowyň döredijiligine ýokary baha berýärler. Netijede, 1980-nji ýylda ol SSSR-iň Ýazyjylar birleşiginiň agzalygyna kabul edilýär. Bassyr iki ýylyň dowamynda ýurdumyzyň “Magaryf” neşirýatynda onuň çagalara niýetlenen goşgular kitaplary neşir edilýär: 1981-nji ýylda  — “Towşan yzlary”, 1982-nji ýylda — “Meni mekdebe ýazyň!”.

1983-nji ýylda Moskwanyň «Detskaýa literatura» neşirýaty Hemra Şirowyň “Bumažnyýe dwersy” (“Kagyz gapylar”) atly çagalar goşgular kitabyny neşir edýär. Goşgular ýygyndysy bu gezek Alla Ahundowanyň rus diline eden ajaýyp terjimesinde çykýar. Onuň tiražy 150 000 nusgalykda bolup, şondan soň bu kitap Hemra Şirowa bütinsoýuz şöhratyny getirýär. Soňra onuň goşgulary doganlyk respublikalaryň köp dillerine terjime edilýär, şahyryň şygyrlary çagalar döwürleýin neşirlerinde, “Kolobok” we “Malyş” şol wagtlar meşhur bolan çagalar žurnallarynda, “Newa” we “Ýunost” ýaly meşhur edebiýat žurnallarda çap edildi. Olar dürli ýygyndylara, şeýle hem türkmen we dünýä çagalar poeziýasynyň antologiýalaryna girizildi.

1984-nji ýylda Hemra Şirowyň “Akpamygyň kökesi” atly poemasy çeper eserleriň respublikan bäsleşiginde ikinji orna mynasyp bolýar. Şol ýylda Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň Prezidiumy tarapyndan Hemra Şirow milli edebiýatyň ösmegine goşýan önjeýli goşandy üçin Hormat haty bilen sylaglanýar. 1994-nji ýylda Türkmenistanyň çagalar üçin çeper eserleri ýazýan iň gowy ýazyjysy hökmünde şahyra Hajy Ysmaýylow adyndaky Respublikan baýragy berilýär.

Şol bir wagtyň özünde Hemra Şirow okyjylar tarapyndan gaty gowy görlen proza ​​eserlerini hem döredýär. Ýazyjy bu hekaýalary, powestleri we romanlary iki asyryň aralygynda türkmen edebiýaty üçin täze ugurlar bolan romantiki fantaziýa we allegoriki hekaýa žanrynda ýazýar. Onuň döredijiliginiň “Ýelejigi we batyr tozgajygyň başdan geçirmeleri”, “Men, kakam we awtomobil”, “Palçykdan ýasalan möjek”, “Itleriň durmuşy”, “Mekdep jaňy, direktor we beýlekiler”, “Höwürtge” ýaly proza eserleri türkmen edebiýatynda täzeçillige ýol açan eserler boldy. “Puryja”, “Durmuşyň manysy”, “Belende galyş” we beýleki proza ​​miniatýuralary biziň häzirki döwrümiziň wezipelerine has ýakynlaşdyrdylar diýsek ýalňyşmarys — bu esasy zat hakda gysgaça gürrüň bermekden ybaratdyr.

Zehinli ýazyjy ussat dramaturg hökmünde hem tanalýar. “Göroglynyň ýaşlygy”, “Beset bilen Depegöz”, “Jelaleddin”, “Açlyk yglan eden adam”, “Meýlis”, “Öweý eje” ýaly sazly we dramatiki pýesalary döredýär; çagalar üçin “Akpamyk we döwler”, “Jadygöýiň agyryly dişi”, “Gedem horazjyk”, “Ölen döwüň dyrnagy”, “Işýakmaz gurbaga” we başga sazly ertekileri bolsa häzire çenli ýaş nesliň söýgüli sahna tomaşalary bolmagynda galýar. Meşhur dramaturg Eduard Bobrowyň terjime etmeginde onuň “Ruhdan düşmäň” («Не предавайтесь отчаянию») atly pýesasy Moskwada rus dilinde aýratyn kitap görnüşinde neşir edildi.

Hemra Şirowyň ýiti galamyndan çykýan çeper eserleriň çägi diýseň giň. Ýazyjynyň döredijiligi, esasan, çagalar üçin niýetlenen hem bolsa, ol ulular üçin eser döretmegi unutmaýar. Onuň “Düýnüm. Şu günüm. Ertäm”, “Söýgä sygyn”, “Edebi tilsimler”, “100 hekaýa”, “Gün bilen gürleşýän adam”, “Atalaryň takdyry” — 1-nji tom, “Dogduk depe” — 2-nji tom, “Abeskun adasy”, “Ýolaýryt”, “Ak şüňkaryň gözleginde” diýen şygyr we kyssa eserleri giň okyjylar köpçüligi üçin çapdan çykdy.

Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başynda Hemra Şirow goşgy ýazmagyň özboluşly žanry bolan şekilli şygyr düzmek bilen gyzyklanyp başlapdy. Şahyryň “Pähim basgançaklary”, “Awtoportret”, “Gar adam”, “Horaz süýji” ýaly şekilli şygyr eserleri (grafiki goşgulary) we başgalary türkmen poeziýasynda heniz görülmedik goşgy ýazmak tilsimidir. Şekilli şygyr — bu poeziýa, grafika we nakgaşlyk sungatyny birleşdirýän köp öwüşginli çeper döredijilikdir. Taryhdan belli bolşy ýaly, bu edebi žanrda gadymy döwürlerde ýazmaga synanyşypdyrlar. Bu goşgy ýazma usuly XVII asyrda şahyrlaryň has-da ünsüni özüne çekipdir, mysal üçin, Simeon Poloskiýniň “Ak pata” goşgusy ýürek şekilinde beýan edilipdir. G. Apolliner, Teodor Gotýe hem bu žanry aýratyn gowy görüpdirler. Hemra Şirowyň grafiki şekilli goşgulary şadyýan ýa-da filosofiki many-mazmuna eýe bolup, sadalaç we geň-taňsy şygyrlarda awtoryň durmuşyň we döredijiligiň käbir ahwalatlaryna çynlakaý garaýşynyň bardygyny aňladýar. Bu ugurdaky edebiýat tejribesini ilkinji bolup Germaniýanyň edebiýatşynaslary gyzgyn garşy aldylar.

Birnäçe ýyl mundan öň Türkmen döwlet uniwersitetinde Germaniýadan gelen nemes hünärmenleri adaty bolmadyk şekilli şygyrlara bagyşlanan seminar geçirýärler. Şekilli şygyrlar barada gürrüň gidende, hünärmenleriň biri nemes modernisti Kurt Şwitters hakda söz açyp, bu germaniýaly şahyryň häzir aramyzda ýokdugyna garamazdan onuň bu şygyr žanrynyň muşdaklarynyň juda köpdügini we onuň bu ugruny dowam etdirýänleriň hem az däldigini belläp geçýär. Soňra seminarda türkmen filolog mugallymlaryndan biri çykyş edip, Türkmenistanda hem bu ugurda köpden bäri işjeň işläp gelýän şahyryň bardygyny, galyberse-de onuň biziň aramyzda sag-salamat gezip ýörendigini aýdýar. Nemes hünärmenleri bu garaşylmadyk habary haýran galmak bilen kabul edýärler we muňa gaty begenendiklerini aýdýarlar. Seminardan soň olar türkmen şahyry bilen tanyşýarlar. Onuň täzeçe tilsimden ýazylan häzirki zaman eserlerine ýokary baha berýärler. Eýýäm 2000-nji ýylda Germaniýanyň Mýunhen şäherinde guralan «EKSPO — 2000» Halkara sergisinde Hemra Şirowyň şekilli şygyrly posterleri sözme-söz terjimesi bilen edebiýata bagyşlanan “Täze gözlegler” pawilýonyny bezeýär. Biraz wagtdan soň Germaniýanyň Köln şäherinde “Anna” ady bilen kitap taslamasy çapdan çykýar. Bu hakda has jikme-jik gürrüň bermek maksada laýyk bolardy.  “Anna” goşgy ýygyndysy – bu Kurt Şwittersiň “Anna Blýum” atly bir goşgusynyň dünýäniň 137 ýurdundan bolan häzirki zaman abstraksionist şahyrlary tarapynda terjime edilen  157 goşguly kitapdyr. Kitabyň özboluşlylygy terjimeleriň hemmesiniň asyl bezeginde, ýagny şahyrlar tarapyndan ýazylyşy ýaly – köpüsiniň elde ýazyşlary ýaly, galyberse-de ýygyndyda olaryň “Anna Blýum” goşgusyny öz ene dillerinde okan sesleri bilen CD disk bilen bilelikde bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Şeýlelik bilen, ýygyndydaky 157 häzirki zaman şahyrlaryň arasynda Hemra Şirowyň adyny we sesini we onuň “Anna Blýum” goşgusynyň türkmen diline eden ajaýyp terjimesini tapyp bileris.

Kurt Şwittersiň “Anna Blýum” atly kitap taslamasyndan Hemra Şirow tarapyndan türkmen diline terjime edilen sahypasy

Onuň adaty bolmadyk şahyrana žanra bolan höwesi has soňra çynlakaý edebi gyzyklanma ýazyp gidýär. 1992-nji ýylda “Şygyr ussahanasy” atly giňişleýin edebi-ylmy işini ýazýar, onda şahyr şekilli şygryýetiň dürli görnüşlerini toparlara bölmäge synanyşýar. Täze 21-nji asyryň başynda awtor türkmen edebiýatyny täze žanrlar bilen baýlaşdyrmagy öz öňünde maksat edip goýýar.  1993-nji ýylda Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynda «Edebi tilsimler» ady bilen şekilli şygyr eserleriniň sergisi guralýar. Bu sergi paýtagtymyzyň giň köpçüliginiň ünsüni özüne çekýär. Şahyr häzir hem modernizm we sýurrealizm tilsimlerinde eser ýazmagyny dowam etdirýär.

Hemra Şirow ýaşlaryň - geljekki žurnalistleriň, ýazyjylaryň, şahyrlaryň, dramaturglaryň öňünde ýygy-ýygydan çykyş edýär. Onuň edebiýadyň dürli ugurlaryna bagyşlanan  oçerkleridir makalalary “Medeniýet” we “Garagum” döwürleýin neşirlerinde çap edilýär. Şol bir wagtyň özünde, şahyr tejribesini paýlaşmak hem-de döredijilik kada-kanunlaryny düşündirmek bilen, edebiýatdaky dowamatlylyga we halypaçylyga eserdeň göz bilen garaýar.

“Durmuş ýazyjynyň öňünde örän möhüm umumy adamzat wezipelerini goýýar. Olaryň biri adamlara käbir hadysalara has çuňňur aralaşmaga, ol ýa-da beýleki ahwalatlara başgaça garamaga, stereotiplerden azat bolmaga kömek etmekdir — diýip, Hemra Şirow öz pikirleri bilen paýlaşýar. — Munuň üçin bir ýazyjy beýlekä meňzemeli däldir — çünki döredijiligiň özi örän inçe we näzik bir işdir. Çeper eserleri ýazmaga girişýän ýaş ýazyjylar ýazmagy kimdir birinden öwrenjek bolmaly däl, şeýle-de kämillik ýoluna düşen ussatlar hem eser döretmekde öz döredijiliginde ýeten derejesini kimdir birine geçirmeklige çalyşmaly däldir. Bu ýazyjynyň özboluşly beýan ediş aýratynlygyny, durmuş ideýasyny weýran edýär, bu çeper eseri döretmekligi senetçilik derejesine çenli peseldip, döredijilik işini birmeňzeşlik ýöntemligine alyp barýar. Eger zehin bar bolsa, ol hökman bir ýerden böwsüp çykar. Ýöne zehin başarnygy bar adam öz beýan ediş öz ýoluny tapmagy başarmalydyr. Türgenleşmek arkaly pikirlenmegi, synçy bolmagy, tebigatyň çeşmelerini we öz ylhamyňy ulanmagy öwrenip bolýar, ýazmagy bolsa diňe köp okamak we edebi synaglar arkaly öwrenip bolar”.

Hakyky edebiýat ýa-da sungat eseri döredilýän mahaly şekiller we duýgular bilen doly bolan syrly dünýä täsin gapynyň (portalyň) açylýandygyna ýazyjy pugta ynanýar. Hut şol dünýä onuň üçin ylham, güýç we kuwwat çeşmesi bolup durýar. Emma ondan artykmaç peýdalanmak hem dogry däldir, sebäbi awtor bu adatdan daşary güýji ulanyp, ony gaýtadan işleýär we ýene-de yzyna dünýä gaýtaryp berýär. Bu ýerde esasy zat zehin güýjüňi tygşytly derejede ulanmakdyr. Ýogsam bu iş adamyny tiz surnukdyryp, barýan ýoluňdan çykarmagy ahmaldyr. Ýazyjy öz döredijiliginde tebigata aýratyn orun berýär. Munuň ýazyjylyk işinde juda zerur bolan güýç-kuwwatyň, başarnygyň toplanmagyna ýardam edýändigine ol pugta ynanýar.

“Döredijilik işi çemeçilligi we ygrarsyzlygy asla halamaýar. Biziň tarapymyzdan edilýän ähli ters hereketlerimiz ahyrynda oňa ýaramaz täsirini ýetirýär. Şonuň üçin hem ýazuw stolunyň başyna hökmany suratda päk ýürek, ýagşy niýet hem nurana pikirler bilen geçmelidir” — diýip, Hemra Şirow nygtaýar.

Bu ýazyjynyň döredijilik babatdaky pikiri. Onuň durmuşa bolan berk garaýşy: dogruçyl, açykgöwünli, päk bolmak. Onuň ähli eserleri stiliniň ýönekeýligi, sadalygy we ýiti ýumory bilen tapawutlanýar: ýazyjy eserlerinde akgylylyga ymtylýar, pikirlerini düşnükli, emma özboluşly äheňde beýan edýär. Onuň birnäçe eserinde duş gelýän Gurban gulegiň keşbini ýazyjynyň halaýanlygy tötänden däldir: bu şadyýan, sada ýigit elmydama degişip, hemmeleri ýylgyrmaga mejbur edýär. Ol hiç wagt ruhdan düşmeýär we durmuşy juda söýýär. Hemra Şirowyň öz töwereginde döredýän dünýäsi hem edil şonuň ýaly — geljege okgunly, şadyýan, ruhubelent we adalatly.

 

Maral Hydyrowa,

žurnalist, halkara edebiýat bäsleşikleriniň laureaty.

Rus dilinden terjime eden: ýokary derejeli terjimeçi Annamuhammet Akmedow.

 

 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar