Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň halk suratkeşi Yzzat Gylyjowyň 100 ýyllygyna bagyşlanýar

0
22438

Türkmenistanyň nakgaşçylygynda türkmen halkynyň taryhyna we durmuşyna bagyşlanan eserleriniň beýik ussady - Türkmenistanyň şekillendiriş sungatyny dünýä tanadan Türkmenistanyň halk suratkeşi, birnäçe Döwlet sylaglarynyň eýesi Yzzat Nazarowiç Gylyjowdyr. Yzzat Gylyjowyň sungaty köptaraply we ajaýyp sungatdyr. Halypanyň eserleriniň her birisi gaýtalap bolmajak, özboluşly pursatlary özünde jemleýän gudratly sungatdyr. Sebäbi onuň döredijiligi büs-bütinleýin millilige ýugrulandyr.

Yzzat Gylyjow 1923-nji ýylda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň “Ýalkym” obasynda mugallymyň maşgalasynda dünýä inýär. Onuň kakasy Annagylyç Suwhannazar ogly Buhara medresesini tamamlap, oba çagalaryna sapak beripdir. Ir döwür ene-atalaryndan jyda düşen Y.Gylyjow uly dogany Reşidiň elinde terbiýelenýär. Surat çekmäge bolan höwesi bolsa Y.Gylyjowda ir ýüze çykýar. Onuň surat çekmäge ukybynyň, höwesiniň bardygyny duýup, agasy onuň kämilleşmegi üçin 1938-nji ýylda Aşgabadyň çagalar çeperçilik mekdebine ýerleşdirýär. Şol ýerde Y.Gylyjow nakgaşçylyk sungatynyň özenini, türkmen nakgaşçylygynda ägirt uly goşandyny goşan suratkeş Ýuliýa Daneşwaryň elinde okap özleşdirýär. Ýuliýa Daneşwar  diňe bir surat ugrundan mugallym däl-de, eýsem Yzzat aga üçin durmuş mugallymy bolýar. Durmuş halypasy barada Yzzat Gylyjow şeýle ýazýar: “Şu ýerde ykbal maňa surat mugallymymyz Ýuliýa Daneşwar bilen dostlugy sowgat etdi. Anyk aýdanymda, ol ilki başda mugallymçylykdy, ene aladasydy, diňe soňra haçanda men ulalamda Ýuliýa Prokofýewna meniň dostuma öwrüldi”. 1940-njy ýylda Yzzat Gylyjow Türkmen döwlet çeperçilik uçilişesine okuwa girýär. Onuň öňünde täze bir sungat dünýäsi açylýar.

Şaperi. 1981

Emma 1941-nji ýylda Yzzat Gylyjow hem ähli watandaşlary ýaly, Beýik Watançylyk urşuna Watan goragyna gidýär. Yzzat şol agyr ýyllarda-da çeperçilik mekdebi bilen arasyny üzmän, olara hat ýazyp, polkdaş-dostlarynyň, obadyr, şäherleriň çeken suratlaryny hem iberip durupdyr. Y.Gylyjowa doganlarynyň, wepaly dosty-maslahatçysy hem halypasy Ýuliýa Daneşwaryň hatlary bolsa oňa goltgy berip, eziz Watanyndan ýakymly ýatlamalary oýarýardy. Mugallym Ýuliýa Prokofýewnanyň Yzzada ýazan hatlarynyň birinde: “Sungata bolan söýgini sen özüňde uly buýsanç bilen göterýärsiň. Hiç bir uruş bu duýguny ýok edip bilmez. Uruş bilen bagly rehimsizlikler, betbagtçylyklar, ölüm-ýitimler zehini ýok edip bilmez, tersine, ony hasda ýitelder, durmuşa has çuň, has oýlanyşykly seretmäge mejbur eder. Uruş tamamlanar we täzeden döredijilik durmuşyň, suratkeşiň beýik ömri başlanar. Mekdebiň gapylary seniň üçin elmydama açykdyr! ... ” diýip, şeýle halypasyndan ýollanan hatlar ýaş edermen, hyjuwdan doly suratkeşiň ruhuna ruh goşupdyr.  

Türkmenistan bagy-bossan. 1996

Uruş ýeňiş bilen tamamlanandan soňra, Yzzat Gylyjow çeperçilik mekdebinde okuwyny dowam etdirdi. 1947-1953-nji ýyllarda Russiýa döwletiniň Sankt-Peterburg şäheriniň I.Ý.Repin adyndaky akademiki nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk we arhitektura institutyna okuwa girýär. Yzzat Gylyjow öz döwrüniň meşhur suratkeşi akademik B.Iogansonyň ussahanasynda hem-de meşhur rus suratkeşleri B.Fogel, Ý.Neprinsew, I.Serebrýannyý tarapyndan tälim alyp, onuň döredijilik zehininiň, ussatlyk ukybynyň artmagyna ýardam beripdirler. 1952-nji ýylda “Garagum çölünde” atly diplom işi bilen instituty üstünlikli tamamlap, döredijilik ýoluna düşýär.

Yzzat Gylyjow. Güýz aýdymy. 1982. Kendir, ýagly reňk. 170x150

 Y.Gylyjowyň irki eserleri türkmen topragynyň baý tebigy gözellikleri, türkmen halkynyň milli toý- dabaralary, ýüregine ýakymly ýüz keşpleri, buýsanç bilen suratlandyrylyp, suratkeşiň döredijiliginiň esasy filosofiýasyna öwrüldi hem-de özüne bütin ömrüne hemra tapyndy. Suratkeşiň meşhur nakgaşçylyk eserlerini ýatlap geçenimizde “Garagum çölünde”, “Gowy durmuş ugrunda”,  “Suwa tarap ýol”, “Gyrkymçylar”, “Men we meniň ejem”, “Ertir toý”, “Türkmen ýazyjysy B.Kerbabaýewiň portreti”, “Halk artisti Bazar Amanowyň portreti”, “Üljeli gyzjagaz”, “Şatlyk güni”, “Bagt” ýaly eserler türkmen halkynyň aňyna ykjam ornaşdy.

Yzzat Gylyjow özüni birnäçe çeper ugurlarda birbada zehinli we güýçli beýan edýär. Olaryň her birinde onuň garaýyşlary we usullary öz beýanyny tapýar. Olaryň biri bolan portret žanry ussada adamlaryň häsiýetlerini, her bir şahsyýetiň özboluşlylygyny, şunuň bilen birlikde öz garaýyşyny we durmuşyň duýgurlygyny çuňňur we sazlaşykly görkezmäge mümkinçilik berýär. Adamyň diňe keşbini däl, eýsem bütin durmuş ýoluny görkezýän tärleri tapmak başarnygy suratkeşiň özboluşly aýratynlygydyr.

Men we meniň ejem. 1963 

Yzzat Gylyjowyň portret eserleri – bu döwrüň yzlarydyr, ruhy dünýä çuňňur aralaşmakdyr, şonuň bilen birlikde bolsa öz kalbynyň bölejigi bilen paýlaşmaga synanyşykdyr. Şeýle: “doňup galan durmuşy pursatlaryň” biri-de Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde saklanýan ussadyň gyzy Lälä bagyşlanan “Üljeli gyz” atly portret eseridir. Bu eser 1975-nji ýylda, haçanda suratkeş maşgalasy bilen Pöwrizede dynç alanynda döredilen. Ýurduň iň gözel ýerleriniň birinde dynç almagy ussadyň diňe bir gyzynyň ýetginjeklik döwrine däl, eýsem onuň döredijiliginiň gülläp ösüşiniň döwrüne gabat geldi. Bu sazlaşygy (türkmen sungaty öwreniji Ogulabat Muhatowanyň aýtmagyna görä) “bagtly we ajaýyp ýetginjekligiň umumylaşdyrylan keşbi, adamyň we tebigatyň sazlaşykly birleşmegi” hökmünde kabul edip bolýar. Bu ýerde biz ulalyp barýan gyza bolan çuňňur atalyk duýguny görýäris we onuň elindäki bişen miweler, onuň inçe syratyna düşýän ýagtylyk, onuň üstki geýiminiň reňki – bularyň ählisiniň türkmen tomsunyň göze ilmeýän pursadynda, şu sahna ýaly öwüşginli pursatda, Gylyjowyň durmuşynyň döwri ýaly kämil pursatda döredilendigine düşünýäris. 

“Gyjyjow köp surat eserlerini çagalara bagyşlady. Sebabi, çagalar – dowam edýän döwrüň hemişe iň takyk beýany, onuň mekirsiz aýnasy” diýip, rus sungaty öwreniji Lýudmila Tarasowa belleýär. Halypanyň döredijiliginde gyzlary “Maralyň portreti”, “Jereniň portreti”, “Buluç gyzy” ýaly portretlerinde çagalaryň ruhy dünýäsi suratkeşiň we perzentlerine bolan ýiti ata duýujylygy bilen suratlandyrylýar.

Ejemiň portreti. 1963

Yzzat Gylyjowyň döredijiligi bilen tanyşanyňda onuň ussatlarça ulanan reňk baýlygy dogrusynda aýtsak, Y.Gylyjow bütinleý türkmen halk döredijiliginiň täsiri astynda döräpdir diýsek ýalňyşmarys. Sebäbi, ol ilki bilen dünýäni haýran eden türkmen milli haly sungatymyzdan, zergärçilik, külalçylyk hem-de çeper keşdelerden ylham alypdyr. Hasam bu jadylaýjy reňk öwüşginleri suratkeşiň  döredijiliginiň gülläp ösen döwrüne gabat gelýär. Ýagny, bu döwre degişli eserleri ýiti, labyzly çeper sözleýişi bilen tapawutlanýar hem-de ekspressionizm sungatyna mahsus bolan, joşgunly reňk öwüşginleri erkinlikde ulanyp, ajaýyp eserleriň döremegine getirdi.  Suratkeşiň eserlerinde agdyklyk edýän reňk öwüşginlerinden tapawutlanýan ýiti, ýürek syzdyryjy, goýy gyzyl-gyrmyzy reňki ýokary derejä göterilýär. Çünki, gyzyl reňk iň güýçli reňk, ol durmuşyň sagdyn hyjuwyny şekillendirýär.

Jereniň portreti. 1978

Y.Gylyjowyň “Bagt” we “Türkmenistan bagy-bossan” atly meşhur eserlerinde gyzyl reňkiň köp möçberde ulanmagy, nakgaş üçin ähmiýetlidigini görkezýär hem-de durmuş hakykatyny beýan etmegiň iň wajyp çeperçilik serişdesi hökmünde ýaňlanýar. Şeýle alamatlar Yzzat Gylyjowyň «Çapyşygyň öňüsyrasynda» (1994) atly soňky uly göwrümli işleriniň birinde aýdyň görmek bolýar. Ahalteke atlarynyň hereketiniň, dyňzap gelýän güýjüniň dinamikasy hem-de bedewleriň gaýtalanmajak dürli reňk öwüşginleri suratkeşiň ökdelik bilen ulanýan joşgunly, bir-birine gapma-garşy gelýän gyzyl-gök we goňur-sary reňkleriň üsti bilen beýan edilýär. «Çapyşygyň öňüsyrasynda» atly eseriň açyk gyzyl, sary, ak we gök reňkleriniň sazlaşygy, bir-birlerine çürt-kesik ters gelýän ýagty we goýy reňk tegmilleriniň oýny milli çeper garaýyşlaryň häsiýetini berýär hem-de ussadyň milli sungatymyzyň çeper däplerinden ruhlanýandygyna göz ýetirilýär. Çünki türkmen nakgaşçylygyny dünýä tanadan beýik ussady Yzzat Gylyjowyň döredijiligi türkmen suratkeşlik mekdebi üçin naýbaşy nusgasy bolup baky ýaşar!

 

Kadyrowa Aýjan

Sungaty öwreniji,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik

akademiýasynyň  mugallymy

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar