ABŞ-da dünýäde iň kem çaga diýlip yglan edilen, Aýowa ştatyndan Neş Kin birinji doglan gününi belledi diýip, «The Guardian» habar berdi. Oglanjyk dünýäde diri galan iň kem çaga diýlip resmi yglan edilipdi, ol 2025-nji ýylyň iýulynda bir ýaşady.
Neş möhletinden 133 gün öň dünýä indi. Şol wagt bäbegiň agramy 283 gramdy, ýagny sabyn böleginiň agramyna deňdi. Onuň diri galmak mümkinçiligini lukmanlar örän pes hasaplaýardylar. Ol ýarym ýyllap lukmanlaryň gözegçiliginde boldy. Lukman Emi Stenfordyň sözlerine görä, ol ömrüniň ilkinji hepdelerinde örän agyr ýagdaýda bolandygyna garamazdan, haýran galdyryjy çydamlylyk görkezdi hem-de agram toplamaga başlady.
Häzir Neş kislorod goldawyny alýar, turbajykdan iýmitlenýär. Lukmanlar onuň ýagdaýynda oňyn özgerişligiň bardygyny aýdýarlar. Oglanjyk indi togalanmaga başlady, töweregini gyzyklanma bilen synlaýar. Neşiň ene-atasy onuň durmuşa höweslidigini, ýylgyrýandygyny aýdýarlar.
Neşiň ilkinji doglan gününi golaý adamlarynyň arasynda bellediler. Oňa oýnawaç, egin-eşik we Ginnesiň rekordlar kitabynyň dünýäde iň kem çaga hökmünde resmi güwänamasy gowşuryldy.
