4-nji noýabrda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda Çehiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýarmarkasynyň resmi açylyş dabarasy guraldy. Bu barada HHM ýazýar.
Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň bilim ministriniň ýokary we orta hünärmen mekdepleri boýunça orunbasary Azat Ataýew, Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lýubomir Frebort, şeýle hem Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektory gatnaşdy.
Açylyş adabarasy bilen ugurdaş geçirilen resmi duşuşygyň çäklerinde geljekde iki ýurduň arasynda bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, talyplar we ýaş mugallymlar üçin niýetlenilen akademiki alyş-çalyşlary guramak mümkinçiliklerine aýratyn üns beridi.
Çehiýa tarapyndan çärä Pragadaky Karl uniwersiteti, Himiýa tehnologiýalary uniwersiteti, Çehiýanyň oba hojalyk uniwersiteti we Zlin şäherindäki Tomas Baty uniwersiteti ýaly öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çehiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Çehiýada okamak üçin mümkinçilikler, kabul edilşik tapgyrlary we talyp durmuşy barada gürrüň berdiler.
Ýarmarka gatnaşan ýaşlara Çehiýa uniwersitetleriniň okuw maksatnamalary, daşary ýurtlarda okamagyň mümkinçilikleri barada maglumat almak, Çehiýadaky talyp durmuşynyň aýratynlyklary barada sorag-jogap alyşmak üçin mümkinçilik döredildi.